World News in Turkmen

Aşgabadyň ilaty ‘1 milliondan aşdy’

Aşgabadyň ilatynyň sany 1 milliondan hem aşdy diýip, türkmen resmileri maglumat berýärler.


Bu barada paýtagtyň häkimi Şamuhammet Durdylyýew 6-njy awgustda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.


Şeýle-de häkim prezidentiň garamagyna Aşgabadyň territorial çäklerini giňeltmek baradaky teklibi hödürledi. Berdimuhamedow bu teklibi tassyklady.


Paýtagtyň adminstratiw-territorial çäklerini giňeltmek baradaky teklip Mejlisiň garamagyna geçirildi diýip, TDH habar berýär. Şeýle-de, Durdylyýewe paýtagtda täze etraby döretmek tabşyryldy.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ilatynyň sany baradaky maglumatlar köpçülige elýeterli däl. Ýurtda 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hem köpçülige aýan edilmeýär.

Читайте на сайте