World News in Turkmen

Rus sudy inguşystanlyny terrorizm aýyplamalarynda günäli tapdy

Rus sudy Demirgazyk Kawkazyň Inguşystan respublikasynyň bir ýaşaýjysyny terrorizm aýyplamalarynda günäli tapyp, türme tussaglygyna höküm etdi.


Rostow-na-Donu regionynyň sudy Abdul-Malik Albakçiýewi Siriýada “Yslam Döwleti” ekstremistik toparynyň hatarynda söweşmekde we bikanun ýarag gaçakçylygynda günäli tapdy. Oňa dokuz ýyl türme tussaglygy berildi.


Sud resmileri Albakçiýewiň 2015-nji ýylyň martynda, Siriýadan Russiýa dolanyp gelenden soň tussag edilendigini mälim etdiler. Rus resmileri onuň Siriýa hökümetine garşy söweşendigini aýtdylar.


Albakçiýew özüniň günäsizdigini belledi.

Читайте на сайте