Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow Türkmenistana sapar eder
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow anna güni geçirilen hökümet maslahatynda habar bermegine görä, geljek hepde Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň Türkmenistana sapary planlaşdyryldy.
TDH-nyň maglumatyna görä, saparyň jemleri boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelýän täze sepgitlere çykarjakikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana 2015-nji ýylyň awgustynda sapar etdi. Şondan öň ol Bişkege 2007-nji ýylda, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň hormatly myhmany hökmünde barypdy.
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew Türkmenistana 2014-nji ýylyň noýabrynda sapar etdi.