Eýran raketa, täze söweş uçarlary tagallalarynyň dowam etdiriljegini aýdýar
Eýranyň goranmak ministri¸ ABŞ-nyň Tähranyň ýaraglar programmasyny we regional täsirini jylawlamak tagallalarynyň çäginde, ýurduň raketa mümkinçiliklerini ösdürmegini dowam etdirjekdigini, geljek hepde bolsa täze söweş uçaryny görkezjekdigini aýdýar.
"Biz üçin iň ileri tutulýan mesele öz raketa programmamyzy işläp düzmek” diýip, brigada generaly Amir Hatami aýtdy. Onuň bu sözleri 18-nji awgustda “Fars” habar agentligi tarapyndan sitirlendi.
“Biz bu ugurda gowy orunda ýerleşýäris, emma biziň ony kämilleşdirmegimiz gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Hatami täze söweş uçarynyň jemgyýetçilige 22-nji awgustda bellenilýän Milli goranyş gününe sowgat hökmünde görkeziljekdigini, “adamlaryň onuň uçuşyny görüp biljekdigini” aýtdy.