World News in Turkmen

Berdimuhamedow GDA liderleriniň Geňeşine orunbasaryny ýollaýar

Türkmenistanyň prezidenti Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň liderleriniň Geňeşine öz deregine, bilim pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Pürli Agamyradowy ýollaýar.


Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim edildi.


GDA-nyň nobatdaky Geňeşi 28-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçer. Onda gurama başlyklyk etmek nobaty Täjigistandan Türkmenistana geçiriler.


Ýatladyp geçsek, resmi Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp, 2005-nji ýylda GDA guramasynda assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.


Türkmenistan 2012-nji ýylda hem GDA guramasyna başlyklyk edipdi.

Читайте на сайте