World News in Turkmen

Wýetnamyň prezidenti aradan çykdy

Wýetnamyň prezidenti Tran Dai Kuang “agyr keselden” soň, aradan çykdy diýip, ýerli media habar berýär.


“Prezident Tran Dai Kuang 21-nji sentýabrda, sagat 22:05-de harby keselhanada ýogaldy” diýip, Wýetnamyň resmi habar agentligi anna güni irden maglumat berdi.


Tran Dai Kuangyň ýaşy barada dürli maglumatlar bar. Onuň 61-68 ýaş aralygynda bolandygy çaklanylýar.


Merhum barada başga goşmaça maglumat berilmedi.


Ol 2016-njy ýylda Kommunistik partiýasy tarapyndan saýlanandan soň, prezidentlige kasam getiripdi.


Mundan öň, ol jemgyýetçilik howpsuzlyk ministri bolupdy.

Читайте на сайте