World News in Turkmen

Tramp BMG-de ‘Eýran, Srkipal meseleleri barada çykyş eder’

Prezident Donald Tramp öňümizdäki hepde BMG-de etjek çykyşynda Eýran, Angliýada Skripallaryň zäherlenmegi, himiki ýaraglar we Demirgazyk Koreýa barada gürrüň eder diýip, ABŞ-nyň ilçisi Nikki Halleý mälim etdi.


“Men Howpsuzlyk Geňeşiniň bu maslahatynyň iň köp tomaşa edilen mejlisi boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Halleý Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda aýtdy.


Tramp 25-nji sentýabrda 193 agzalyk Milli Assambleýanyň resmi açylyş dabarasynda we ertesi gün Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş eder.

Читайте на сайте