World News in Turkmen

OPEC nebitiň önümçiligini artdyrmazlyk barada ylalaşdy

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasyna, ýagny OPEC-a agza döwletler we nebitiň esasy eksportýorlary nebitiň önümçiligini artdyrmazlyk barada ylalaşdylar. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bahalary peseltmek çagyryşlaryna garamazdan ylalaşyldy.


23-nji sentýabrda OPEC agzalary we Russiýa ýaly agza bolmadyk ýurtlar Alžirda duşuşdylar.


ABŞ-nyň Tährana garşy täze sanksiýalary girizmegi bilen Eýranyň nebit eksporty peselip, bu hem nebitiň dünýädäki bahasynyň artmagyna getirdi.


Tramp OPEC-e önümçiligi artdyryp, nebitiň bahasyny peseltmäge çagyryş edipdi.

Читайте на сайте