World News in Turkmen

ABŞ "howp-hatarlara" salgylanyp, Yrakdaky konsullygyny ýapýar

Eýran hökümetinden we Yrakda Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýadan abanýan howp-hatarlara, bu milisiýanyň öz binasyna raketa hüjümini edýändiginesalgylanyp, Birleşen Ştatlar özüniň Basradaky konsullygyny ýapjakdygyny yglan etdi.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 28-nji sentýabrda özüniň goňşy ýurtdaky amerikanlara we ABŞ-nyň diplomatik binalaryna edilen islendik hüjümde Eýrany gönüden-göni jogapkär hasaplajakdygyny aýtdy.


ABŞ-nyň bu beýanaty golaýda bolan raketa hüjümleriniň yz ýanyna gabat geldi we Pompeo olaryň Basradaky konsullyga we ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasyna gönükdirilendigini aýtdy.


Bu raketalar binalara hiç bir zyýan ýetirmedi. 


Eýranyň DIM-i ABŞ-nyň zorlugy öjükdirmek barada aýdýanlaryny "geň galdyryjy, prowokatiw we jogäpkärçiliksiz" diýip häsiýetlendirdi. 


 

Читайте на сайте