World News in Turkmen

Eýranda arakdan zäherlenip ölenleriň sany 42-ä ýetdi

Eýranda ýakynda ýasama arakdan zäherlenip ölenleriň sany 42-ä ýetdi diýip, ýurduň Saglyk ministrligi maglumat berdi.


Ministrlik soňky üç hepdäniň dowamynda, ýurduň bäş welaýatynda gaçak alkogolly içgilerden zäherlenip 460 adam keselhana ýerleşdirilip, olaryň 16-sy kör bolupdyr.


Hormozgan etrabynyň adalat resmisi ýasama alkogol içgilerini öndürmekde we satmakda şübhelenip ýedi adamyň tussag edilendigini aýtdy.


1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasyndan soň, Eýranda alkogol içgileri gadan edilipdi. Bu düzgüni bozanlara pul jerimesi salynýar ýa-da gamçylama jezasy berilýär.


Emma, gadagançylyga garamazdan eýranlylar daşardan getirilen we öý şertlerinde ýasalyp “gara bazarda”  satylýan alkogol içgilerini alýarlar.

Читайте на сайте