World News in Turkmen

Rohani: ABŞ Eýrandaky režimi üýtgetmegi maksat edinýär

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň ýurtdaky syýasy režimi üýtgetmegi maksat edinýändigini aýdy.


Tähranda eden çykyşynda Rohani ABŞ-nyň Eýranyň ýolbaşçylaryny çalyşmak üçin, psihologiki we ykdysady tilsimleri ulanýandygyny öňe sürdi.


Maý aýynda prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington Tährana garşy basyşlaryny güýçlendiripdi.


Şeýle-de, ABŞ Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi. Eýranyň nebit pudagyna gönükdirilen gadagançylyklaryň ikinji tapgyry bolsa, 5-nji noýabrda güýje girer.

Читайте на сайте