World News in Turkmen

BMG Ýemeniň golaýynda ele salnan ýaraglaryň nireden ugradylandygyny anyklaýar

BMG-niň derňewçileri Ýemeniň kenarlarynda ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri tarapyndan ele geçirilen AK-47 kysymly 2 müň 500 ýaragyň haýsy ýurtdan, ýagny Eýrandan ýa-da Somaliden ugradylandygyny anyklaýarlar.


ABŞ resmileri Eýranyň Ýemeniň hökümetine garşy söweşýän huthi jeňçilerini ýaraglar bilen üpjün edýändigi baradaky çaklamalary anyklamak üçin, BMG-niň derňewçilerini çagyrandyklaryny mälim etdiler.


Eýran Ýemende hökümete garşy dört ýyl bäri söweşýän şaýylaryň huthi jeňçilerini ýarag bilen üpjün edendigi baradaky aýyplamalary ret edip gelýär.

Читайте на сайте