World News in Turkmen

“Talybanyň” hüjüminde owgan güýçleriniň 13 agzasy öldürildi

Owganystanyň Gazni welaýatynda howpsuzlyk güýçleri bilen jeňçileriň arasynda ýüze çykan ok atyşlykda owgan güýçleriniň hataryndan azyndan 13 gullukçy öldürildi.


Gazni welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekiliniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, jeňçiler duşenbe güni ir bilen Khogýani etrabyndaky barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edipdirler.


Mohammad Arif Nooriniň beren maglumatyna görä, çaknyşykda alty polisiýa işgäri we ýedi esger öldürilipdir; azyndan dört polisiýa işgäri hem ýaralanypdyr.


Üç sagada çeken çaknyşynda “Talybanyň” azyndan alty jeňçisi öldürilipdir we 10-a golaýy ýaralanypdyr.


“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid barlag gözegçilik nokadyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Читайте на сайте