World News in Turkmen

YD Pakistandaky bazar hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy

“Yslam döwleti” toparynyň ekstremistleri 23-nji noýabrda Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Orakzaý tire sebitindäki bazarda bolan kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini öz boýnuna aldy.


Bazar mähellesiniň içinde özüni partladan hüjümçi azyndan 35 adamy öldürip, 50-den gowrak adamy ýaradar etdi.


Polisiýa başda owgan serhedine golaý Klaýa şäheriniň bazarynda gök ekinleriň gapyrjaklarynyň aşagynda gizlenen bombanyň partlandygyny aýtdy. Bu şäherde şaýy musulmanlary köplükde ýaşýar. 


YD 24-nji noýabrda öz “Amak” websaýtynda beýanat çap edip, bazardaky hüjümi “Yslam döwleti” toparynyň janyndan geçen bombaçysynyň amala aşyrandygyny aýtdy.


YD-nyň beýanatynda bu hüjüm netijesinde 57 şaýy musulmanynyň öldürilendigi, 75-isiniň ýaraly bolandygy aýdylýar.

 

Читайте на сайте