World News in Turkmen

Iki ýylyň içinde ilkinji gezek Ýemen boýunça parahatçylyk gepleşikleri geçirilýär

BMG Ýemende barýan urşy togtatmak tagallalarynyň çäginde, soňky iki ýylyň içinde ilkinji gezek parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryny geçirýär.


Ýörite wekil Martin Griffiths 6-njy dekabrdan başlap Şwesiýada dürli taraplaryň gatnaşmagyndaky gepleşikleri geçirer.


BMG konflikti bes etmek üçin ençeme tapgyr gepleşikleri gurnapdy. Emma, uzak möhletleýin oňaýly çözgüdi tampak başartmandy.


2014-nji ýyldan bäri konfliktde onlarça müň adam öldi.


BMG-niň resmileri Eýran bilen ilteşikli huthi jeňçileri bilen saudlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň arasyndaky ok atyşyklary bes etmäge çagyrýan parahatçylyk planyny hödürlediler. Şeýle-de, Ýemende geçiji hökümeti esaslandyrmak teklip edildi.

Читайте на сайте