World News in Turkmen

Parižde guralan "sary keltekçe" protestlerinde 340 adam tussag edildi

Sary keltekçeli demonstrasiýaçylar toparynyň hökümete garşy guran täze protestleriniň çäginde fransuz paýtagtynda plisiýa bilen çaknyşyk boldy.


Habarlarda aýdylmagyna görä, polisiýa 8-nji dekabrda farnsuz prezidentiniň köşgüne tarap ýöriş edýän protestçileri togtatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.


Häkimiýetler eýýäm, howpsuzlyk çäreleriniň berkidilmegi netijesinde, 340 adamyň tussag edilendigini aýdýarlar.


Täze anti-hökümet protestlerinde bolmagy ahmal zorlukly hereketleriň öňüni almak üçin Fransiýanyň çar künjeginde 89 müň çemesi polisiýa ofiseri ýerleşdirildi


Parižde Eýfel diňi we Lowr, şeýle-de ýüzlerçe dükan we biznes ýapyldy.


Geçen hepde ahyrynda fransuz paýtagtynda bolan protestler zorlukly hereketlere we 130 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.


Prezident Emmanuel Makronyň hökümetiParižde 8-nji dekabrda boljak täze “sary keltekçe” protestleriniň “radikallaşan we pitneçi” mähelle tarapyndan başga ugra sowuljakdygyny duýdurdy. 


Ýangyç salgytlarynyň ýokarlandyrylmagy üstünde turan protestler indi üçünji hepde dowam edýär, Makron 5-nji dekabrda bu karary ýatyrjakdygyny yglan etdi. 


Emma bu protestçileri kanagatlandyrmady, olar talaplaryny köpeltdiler, şol sanda has uly salgyt kemeltmelerini we aýlyklaryň köpeldilmegini talap etdiler.

 

Читайте на сайте