World News in Turkmen

Albaniýada hökümete garşy protestler dowam edýär

Albaniýanyň paýtagty Tiranada hökümete garşy çykyş edýän protestçiler polisiýa “Molotow kokteýlerini”, ýagny içi ýangyçly çüýşeleri zyňdylar.


Müňlerçe protestçi ýagynly howa şertlerine hem garamazdan 13-nji maýda demonstrasiýa geçirdiler.


Polisiýa jogap çärelerini geçirmedi.


“Bu bikanun hökümete garşy gönükdirilen ýörişdir” diýip, oppozisiýadaky merkezi-sagçy Demokratik Partiýasynyň lideri Lulzim Başa çykyş etdi.


Hadysada bir polisiýa ofiseriniň ýaralanandygy aýdylýar.


Oppozisiýa fewralyň ortalaryndan bäri hökümet resmilerini parahorlykda aýyplap, şeýle-de mundan iki ozal geçirilen parlament saýlawlarynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, protest geçirýärler.


Oppozisiýa geçiji hökümetiň düzülmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär.

Читайте на сайте