World News in Turkmen

Türkmenistanyň prezidenti Aşgabatda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy— Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyp, GDA-nyň hökümet başlyklarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy.


TDH-nyň maglumatyna görä, Lebedew Aşgabada Türkmenistanyň GDA-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin geldi. 


Duşuşygyň dowamynda 15-16-njy maýda GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen XIV forumy, GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.


“Türkmenistan deňhukukly gatnaşyklary berkitmäge goşant goşmak bilen GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meselelerine oňyn çemeleşmelerini üýtgewsiz beýan edýär” diýip, Lebedew aýtdy. 


Şeýle-de ol şu ýyl bu gurama Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde birnäçe çäräniň, şol sanda Ykdysady geňeşiň mejlisiniň we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň, Ykdysady forumyň geçirilendigini belledi.


Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belledi we onuň işine ýokary baha berdi diýip, habarda aýdylýar.

Читайте на сайте