World News in Turkmen

Senatorlar ABŞ güýçlerine hemaýat beren owganlara wiza bermek taslamasyny hödürleýärler

ABŞ-nyň hem Respubilikan, hem-de Demokratik senatorlary Owganystandaky uruş döwri amerikan güýçlerine hemaýat beren we bu sebäpli häzir janlaryna howp abanýan owganlara Birleşen Ştatlaryň wizasyny bermek baradaky kanun taslamasyny goldap çykyş etdiler.


Kanuna laýyklykda, 30-njy sentýabra çenli 4 müň sany Ýörite Migrant Wizasy çykarylar.


ABŞ-nyň Milli Jemgyýetçilik Radiosynyň 1-nji maýda beren maglumatyna görä, prezident Donald Trampyň administrasiýasy, öz janlaryny orta atyp, ABŞ-nyň güýçlerine goldaw beren owganlara berilmeli wizalaryň möçberini 60% kemeldipdir.


Geçen ýyl 1 müň 650 Ýörite Migrant Wizasy berlen bolsa, ondan ozalky ýyl bu san 4 müňe deň bolupdy.


ABŞ-nyň Owganystandaky missiýasynyň ýolbaşçysy armiýa-generaly Austin Miller hem kanun taslamasyny goldap, ýörite hat ýollady.

Читайте на сайте