World News in Turkmen

Gazak aktiwstleri syýasy aktiwlige temmi üçin harby gulluga alynýandyklaryny aýdýarlar

Gazak häkimiýetleri  oppozisiýanyň iki aktiwistini harby gulluga aldylar. Aktiwistler munuň öz syýasy işjeňlikler üçin berlen jezadygyny aýdýarlar.


Beibarys Tolymbekowyň we Aslan Sagutdinowyň garşysyna tapylan çäre oppozisiýa guramalaryny alada goýdy. Olar gazak resmileriniň gelýän aýda geçirilmeli prezident saýlawlaryndan öň basyşy güýçlendirýändiklerini belleýärler.


Geçen aý, ýurduň söwda paýtagty bolan Almatyda guralan marafon wagtynda, Tolymbekow öz halaşýan gyzy bilen bilelikde ýüwrükler ýodasynyň gapdalynda “Sen hakykatdan gaçyp gutulyp bilmersiň” diýen ýazgyly plakaty galdyryp durdy.


Bu pursaty görkezýän suratlar sosial mediada, #azatsaýlawlar we #seniňseçgiňbar haştaglary bilen giňden paýlaşyldy.  


Tolymbekowe onuň halaşýan gyzy  Asya Tulesowa tussag edilip, ýygnanyşmak düzgünlerini bozandyklary üçin, 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

Читайте на сайте