World News in Turkmen

Türkmenistanyň prezidenti ÝHHG-nyň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji maýda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki başlygy, Slowakiýanyň daşary we ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.


TDH Miroslaw Laýçagyň Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirendigini belleýär.


Duşuşygyň barşynda taraplar durmuş-ykdysady pudakda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýandygyny bellediler.


Şeýle-de taraplar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň amala aşyrýan taslamalary, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek we dünýä bileleşiginde ynjalyksyzlyk döredýän howp-hatarlara garşy durmak ugrundaky tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. 


Şol günüň özünde Türkmenistanyň DIM-de we Mejlisinde Miroslaw Laýçagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Читайте на сайте