World News in Turkmen
Январь
2018

Новости за 15.01.2018

Azathabar.com 

Kiprde agajy kakan sürüji – türkmen migranty agyr ýagdaýda

Kipr türk polisiniň metbugata beren beýannamasynda, sürüp barýan ulagy bilen ýol heläkçiligine uçran 25 ýaşyndaky türkmenistanly migrant Çarykuly Açylowyň keselhanadaky agyr ýagdaýynyň dowam edýändigine üns çekilýär.

Azathabar.com 

Lawrow Trampy Eýran ylalaşygyny gowşatmak synanyşygynda aýyplady

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampy Eýran bilen dünýäniň güýçli döwletleri arasynda baglaşylan ýadro geleşigini gowşatmaga synanyşmakda aýyplap, Trampyň beýanatlary bu ylalaşygyň ýatyrylmagyna getirer diýdi.

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Meredow Yslamabada bardy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn we regional meseleleri maslahat etmek üçin iki günlük resmi sapar bilen duşenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabada bardy. Bu barada “Geo News” neşiri habar berýär. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 12-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, saparyň dowamynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi proýektini we beýleki taslamalary durmuşa geçirmek... Читать дальше...

Azathabar.com 

Bagdat: Janyndan geçenleriň iki hüjüminde azyndan 38 adam öldi

Yragyň Içeri işler ministrligi janyndan geçen iki adamyň Bagdadyň merkezine eden bomba hüjümlerinde azyndan 38 adamyň ölendigini we başga-da 105 sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar. Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Saad Maanyň aýtmagyna görä, 15-nji ýanwarda janyndan geçen hüjümçiler Yragyň paýtagtynyň merkezindäki “Sahet al-Taýaran” meýdançasyny nyşana aldylar. “Sahet al-Taýaran” gyzgalaňly söwda meýdançasy bolup, şeýle-de bu ýerde iş tapmak umydy bilen her gün irden gündelik işçiler ýygnalýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň sudy ‘Mukaddes Russiýanyň’ gazak agzalaryna 5 ýyl kesdi

Düýbi Russiýada ýerleşýän “Mukaddes Russiýany döredijileriň birleşigi” atly toparyň iki gazak agzasy Gazagystanda etniki we dini ýigrenji öjükdirmekde günäli tapylyp, olaryň her biri 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada Gazagystanyň Kargandy şäheriniň sudy 15-nji ýanwarda karar çykardy. 66 ýaşyndaky Uali Aliaskarow we 28 ýaşyndaky Mihail Tkaçýow özlerine garşy çykarylan bu karary şikaýat etjekdiklerini aýtdylar. Gazak sudy Aliaskarowyň we Tkaçýowyň ady mälim edilmeýän etniki toparyň wekillerini kemsidýän pikirleri... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Merkezi Aziýada C5+1 formatynda duşuşyk geçirmegi planlaşdyrýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde C5+1 formatynda duşuşyk geçirmegi planlaşdyrýar diýip, “Sputnik” neşiri Döwlet sekretarynyň Owganystan, Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Elis Uellse salgylanyp ýazýar. C5+1 formatyna Merkezi Aziýa döwletleri – Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Birleşen Ştatlar girýär. Bu formatdaky duşuşyk adatça agzalýan ýurtlaryň daşary işler ministrleri derejesinde geçirilýär. “Bu formatdaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

AwtoWAZ: Türkmenistanda gara reňkdäki ulaglaryň gadagan edilmegi konsern üçin kynçylyk döretmez

Türkmenistanda ilatyň gara reňkdäki awtoulaglary sürmegi gadagan edilmegi Russiýanyň “AwtoWAZ” konserni üçin kynçylyk döretmez diýip, “NSN” neşiri bu konserniň metbugat wekili Sergeý Ilinskiýä salgylanyp habar berýär. Bu maglumat, Türkmenistanda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamaklyk talap edilip başlanandan birnäçe hepde soňa gabat geldi. 13-nji ýanwarda çap edilen maglumatyna görä, Ilinskiý islendik awtoulag öndüriji kärhanada... Читать дальше...

Azathabar.com 

Sankt-Peterburg: Dört türkmenistanly talaňçylykda aýyplanýar

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Türkmenistanyň dört raýaty talaňçylykda aýyplanýar diýip, “Fontanka” neşiri habar berýär. Neşir özüniň penşenbe güni beren maglumatynda, şäheriň derňew komitetiniň öz watandaşlaryndan gorkuzyp pul almakda güman edip, 24 ýaşyndaky Azizbek Bekniýazowa, 25 ýaşyndaky Sanjar Madraimowa, 29 ýaşyndaky Mergen Kakaýewa we 26 ýaşyndaky Döwlet Glyjowa garşy jenaýat işini gozgandygyny aýdýar. Derňewleriň netijelerine görä, etniki talaňçy toparyň döredijisi Bekniýazow bolup... Читать дальше...