World News in Turkmen
Февраль
2018

Новости за 28.02.2018

Azathabar.com 

Lawrow: Russiýa ‘terrorçy howpy’ ýeňmek üçin Assada ýardam bermegi dowam etdirer

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa “terrorçy howpy” ýeňmek üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine ýardam bermegi dowam etdirer diýdi. Ol bu barada 28-nji fewralda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşinde çykyş etdi. Onuň bu çykyşy, soňky 10 gün çemesi wagtyň dowamynda Damaskyň golaýynda ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolan Siriýa hökümetiniň hüjümlerine global derejede nägilelik bildirilýän mahalyna gabat geldi. Siriýanyň paýtagtynyň gündogarynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Krymly tatar aktiwistiniň üç ýyl şertli tussaglyga höküm edilmegi soralýar

Russiýanyň kontrollygyndaky Krym sebitiniň prokurory suddan ukrain regionyndaky Moskwanyň häkimiýetine garşy çykyş edýän krymly tatar aktiwistini üç ýyl şertli tussaglyga höküm etmegi sorady. 28-nji fewralda Feodosia şäherinde geçirilen sud diňlenişiginde prokuror suddan Suleýman Kadyrowyň iki ýyl “jemgyýetçilik işlerine” gatnaşmagyny gadagan etmegi hem sorady. Bu höküm Kadyrowyň demonstrasiýa geçirmeginiň öňüni alar. Kadyrow Russiýanyň territorial bütewiligini bozmak barada halka çagyryş etmekde aýyplanýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG: Demirgazyk Koreýa Siriýanyň himiki ýarag desgalaryna enjamlary ugradýar

Demirgazyk Koreýa raketa spesialistlerini, şeýle-de himiki ýaraglaryň önümçiliginde ulanylyp bilinjek enjamlary Siriýa ugradýar diýip, Birleşen Ştatlaryň mediasy habar berýär. 27-nji fewralda ýaýradylan raportda aýdylmagyna görä, Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertleri 2012-2017-nji ýyllar aralygynda Siriýa şeýle enjamlary ugratmak boýunça öň hasaba alynmadyk 40 wakanyň bolandygynyň üstüni açdylar. Siriýa bikanun ugradylandygy aýdylýan materiallaryň arasynda kislota çydamly plitkalar, korroziýa çydamly klapanlar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gani Talybana ‘geliň, Owganystany bilelikde guralyň’ diýdi

Owgan prezidenti Aşraf Gani parahatçylyk gepleşiklerine ýol açyp biljek prosesiň bölegi hökmünde “Talybany” kanuny syýasy topar diýip ykrar etmegi teklip etdi. Gani bu barada “Kabul prosesi” diýlip atlandyrylýan duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň we guramalaryň konferensiýasynda mälim etdi. Bu konferensiýada ýurtda 16 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän urşuň soňuna ýetmek maksady bilen gepleşikler üçin platforma döretmek niýetlenýär. “Talyban liderleri we onuň ähli agzalary, bu karar siziň eliňizde. Читать дальше...