World News in Turkmen
Июль
2018

Новости за 02.07.2018

Azathabar.com 

Aşgabadyň birnäçe etraby 47 gradus yssyda üç günläp suwsuz galýar

Türkmenistanyň paýtagtynyň birnäçe etrabynyň ýaşaýjylary 47 gradus yssyda üç günläp suwsuz galýarlar. Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, Parahat - 1 we Parahat 2 etrapçalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi 29-njy iýunda agşam sagat on töwereginde kesilipdir. Читайте также на русском Azatlyk Radiosynyň 2-nji iýulda Parahat-2 etrapçasynyň ýaşajysy synçy Amanmyrat Bugaýew bilen gepleşen wagtynda agzalan etraplarda suw henizem ýokdy. “Ine häzirem Aşgabatda suw berlenok. Emma iş güni bolansoň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Minskide Stalin döwri öldürilenleriň ýerinde açylmaly restorana garşy protest geçiren aktiwistler tussag edildi

Minskide sowetler döwri gizlin polisiýa tarapyndan müňlerçe adamyň öldürilen sebitinde restoranyň açylmagyna garşy protest geçiren ençeme demonstrant tussag edilip, olaryň käbiri türme tussaglygyna hem höküm edildi. Oppozisiýa aktiwistleri Pawal Sewýarynets we Wolha Mikalaýçuk 10 gün türme tussaglygyna höküm edildiler. Sewýarynets oppozisiýadaky Hristiýan Demokratik Partiýasynyň esaslandyryjy komitetiniň ýolbaşçylarynyň biridir. Beýleki tussag edilen iki aktiwist Dzýanis Urbanowiçiň we Barys Anikeýewiň sud diňlenişigine garaşylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kişinewda suduň häkim saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmagyna garşy protest geçdi

Moldowanyň paýtagtynda on müňlerçe demonstrant geçen aý geçirilen häkim saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyna garşy protest geçirmek üçin, ýene-de köçelere çykdylar. Kişinewdäki demonstrasiýalar günbatara ýykgyn edýän oppozisiýa liderleri we graždançylyk jemgyýetleriniň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Olar Abraý we Adalat Platformasynyň lideri Andreý Nastaseniň saýlawlardaky ýeňişiniň ykrar edilmegini we ses berlişigiň netijelerini ýatyran Ýokary suduň ýedi kazysynyň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hindistanyň Kabuldaky ilçihanasy hindilere, sihlere garşy edilen hüjümi ýazgardy

Hindistanyň Kabuldaky ilçihanasy Owganystanyň gündogar Nangarhar welaýatynda janyndan geçeniň hindileriň we sihleryň toparyna garşy amala aşyran hüjümini ýazgardy. “Bu hüjüm tutuş dünýäniň halkara terrorizme garşy göreşmelidigini, şeýle-de terroristleri goldaýanlaryň jogapkärçilige çekilmelidigini ýene bir sapar görkezdi” diýip, hindi ilçihanasynyň Twitterde ýerleşdiren ýazgysynda aýdylýar Ýekşenbe güni amala aşyrylan hüjümde azyndan 20 adam heläk bolupdy. Owgan resmileri janyndan geçen hüjümçiniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýa Siriýadaky bazasynda dronlary urandygyny aýdýar

Russiýanyň Siriýadaky harbylary özleriniň Hmeimim şäheriniň golaýyndaky howa bazasynyň üstünde, kime degişlidigi näbelli, pilotsyz uçarlarynyň urlup düşürilendigini habar berdiler. Bazanyň metbugat wekili dronlaryň howa hüjüminden goranyş ulgamy arkaly urulandygyny, şeýe-de wakada hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy. Russiýa 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri Siriýada, prezident Başar al-Assadyň tarapyny tutup, howa hüjümlerini amala aşyrdy. Hmeimim şäheriniň golaýyndaky baza Siriýadaky rus harbylarynyň esasy merkezidir.

Azathabar.com 

Eýranda suw protestleri gazaplylyga ýazdy

Eýranyň günorta-günbatarynda agyz suw ýetmezçiligine protest geçiren demonstrantlar polisiýa bilen çaknyşdylar. Bu barada ýerli media habar berýär. Döwlet eýeçligindäki IRNA habarlar gullugynyň maglumatyna görä, geçen şenbe güni Khorramşahr şäherinde ýygnanan protestçiler eýran resmilerine garşy şygarlary hem gygyrypdyrlar. Protestçiler polisiýa işgärlerini daşlap başlanlaryndan soň, howpsuzlyk gulluklary demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gazy ulanypdyrlar. Döwlet mediasy ýekşenbe güni Khorramşahr şäherine “asudalygyň gaýdyp gelendigini”... Читать дальше...