World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 20.11.2018

Azathabar.com 

Türkmenistan TOPH üçin Saud Arabystanyndan turba aldy

Saud Arabystany TOPH-yň gurluşygyna niýetläp, Türkmenistana bahasy 40 million dollarlyk 35 müň metrden gowrak geçiriji polat turbalaryny iberýär. Ýöne has ozal türkmen resmileri taslamanyň türkmen böleginiň tamamlanandygyny aýdypdylar.

Azathabar.com 

Türkmenistanda çanak antennalary satuwdan aýryldy

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, paýtagtyň ähli söwda nokatlary soňky ýarym ýyllykda gizlin satylan çanak antennalarynyň söwdasyny bes edipdir.

Azathabar.com 

Interpolyň täze başlygynyň saýlanmagynyň öňüsyrasy oňa garşy basyşlar artýar

Halkara polisiýa agentliginiň, ýagny Interpolyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy ugrundaky ses berilişigiň öňüsyrasy, ABŞ-nyň senatorlary we beýlekiler bu wezipä Russiýanyň Içeri işler ministrligindäki ýokary derejeli bir resmisiniň saýlanmagyna garşy duýduryş berdiler. Britan mediasynda bu wezipä uly ähtimallyk bilen 56 ýaşly general-maýor Aleksandr Prokopçugyň saýlanmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda boldy. Mundan öň, Moskwanyň Interpolyň proseduralaryny özüniň syýasy duşmanlaryny yzarlamak... Читать дальше...

Azathabar.com 

Dagystanda žurnaliste hüjüm etmekde aýyplanýan günäli tapyldy

Russiýanyň Dagystan respublikasynda sud žurnaliste hüjüm etmekde we onuň işine päsgelçilik bermekde aýyplanýany günäli tapdy. Mahaçkalanyň sudy Karim Kasumowy rus dilinde maglumatlary çap edýän Kawkaz Çitimi neşiriniň žurnalisti Patimat Mahmudowa hüjüm etmekde we onuň kamerasyny döwmekde günäli tapyp, ony şertli ýagdaýda 18 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Mahmudowanyň aklawçysy hökümiň has ýeňildigini aýdyp, suduň bu kararyna şikaýat etjekdiklerini belledi. Bu hadysa 2017-nji ýylyň iýunynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjigistanda welosipedçileri öldürmekde aýyplanýana ömürlik türme tussaglygy soralýar

Täjigistanyň baş prokurory iýulda daşary ýurtly dört welosipedçini öldürmekde şübhelenýän esasy aýyplanýana ömürlik türme tussaglygynyň soraljakdygyny aýtdy. Bu barada Azatlyk Radiosyna 15 aýyplanýanyň üstünden ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän sud diňlenişigine gatnaşyjylaryň biri maglumat berdi. Atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme Hüseýin Abdusamadowyň we beýleki aýyplanýanlaryň sudda soňky sözlerini aýdandyklaryny hem mälim etdi. 29-njy iýulda Täjigistanyň günortasynda dört, ýagny ABŞ-ly bir erkek we bir aýal maşgala... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistanyň premýer-ministri Trampyň belliklerine jogap berdi

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan prezident Donald Trampyň Yslamabadyň ABŞ üçin “ýekeje-de zat” etmändigi baradaky belliklerine jogap edip, haýsy ýaran ýurduň jeňçilere garşy söweşde has köp gurban getirendigi baradaky soragy orta atdy. Imran Khan özüniň Twitter hasabynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terroristik hüjümlerinden soň başlanan “ABŞ-nyň terrora garşy söweşinde” Pakistanyň 75 müň adamy we 123 milliard dollary ýitirendigini aýdyp, ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, ol ABŞ-nyň Pakistana... Читать дальше...

Azathabar.com 

Makedoniýa Gruýewskiniň gaçmagy bilen baglylykda wengr ilçisini çagyrdy

Makedoniýanyň Daşary işler ministrligi Wengriýanyň Skopýedäki ilçisini çagyryp, Budapeştden ozalky makedon premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň gaçybatalga arzasyny ret etmegini resmi derejede sorady. Gruýewski şu aýyň başynda türme tussaglyk höküminden gaçyp, Wengriýa aşypdy. Makedoniýanyň döwlet sekretary Wiktor Dimowskiý ilçi Laszlo Dukese “protest notasyny” gowşurdy diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar. Mundanam başga, wengr hökümetine 48 ýaşly ozalky premýer-ministriň yzyna öwrülmegini... Читать дальше...