World News in Turkmen
Июнь
2019

Новости за 23.06.2019

Azathabar.com 

Efiopiýa lideri paýtagt daşyndaky agdarylyşyk synanyşygynyň öňüniň alnandygyny aýdýar

Efiopiýanyň premýer-ministri öz hökümetiniň paýtagt Addis Ababadan daşardaky regionda döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň öňüni alandygyny aýdýar. Premýer-ministr Abiy Ahmed 22-nji iýun güni giçlik döwlet eýeçiligindäki telewideniýede goşun generalynyň we ýurduň harby güýçleriniň içindäki başga adamlaryň bir toparynyň Ahmara regionynda döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşandygyny aýtdy. Abiy ol adamlaryň käbiriniň operasiýa mahalynda öldürilendigini, beýlekileriniň ýaraly bolandygyny gürrüň berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstanly protestçiler irki saýlawlar baradaky talaplaryny dowam etdirýärler

Orsýete garşy demonstrasiýaçylaryň müňlerçesi Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside tapgyr üçünjigün toplanyp, käbir ýokary derejeli resmileriň işden çekilmegine we irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş etdi. Ondan iki gün öňki protestlerde ýüzlerçe adam ýaralanan we tussag edilen bolsa, 22-nji iýundaky protest parahatçylykly boldy. Ýarygijeden soň, 23-nji iýuna geçilen badyna müňlerçe protestçi parlament binasyndan Gürjüstanyň dolandyryjy Gürjüstanyň arzuwy partiýasynyň baş edarasyna, Tbilisiniň meşhur... Читать дальше...

Azathabar.com 

Stambully saýlawçylar täzeden şäher häkimini saýlamak üçin gaýtadan ses berýärler

Stambully saýlawçylar täzeden şäher häkimini saýlamak üçin gaýtadan ses berýärler, ozalky geçirilen saýlawlarda oppozisiýa kandidaty ýeňiş gazandy. Emma prezident Rejep Taýyp Erdogan, hamala, ses berişlikde bidüzgünçiliklere ýol berlendigini aýdansoň, saýlaw netijeleri bikanun hasaplandy.  Saýlaw kampaniýalary 22-nji iýunda, agşam sagat 6-da bes edildi we 23-nji iýun güni irden ses berişlik başlandy. 31-nji martdaky saýlawlarda oppozisiýa kandidaty Ekrem Imamoglunyň sesleriň aglaba köplügini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranda ABŞ-nyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanan erkek jezalandyryldy

Eýran mediasy Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugy (MAG) üçin içalyçylyk etmekde günäli tapylan erkegiň häkimiýetler tarapyndan jezalandyrylyp öldürilendigini habar berýär.  Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRIB neşiri 22-nji iýunda Goranmak ministrliginiň aerokosmos bölüminiň ozalky işgäri Jalal Hajizawaryň ýyllara çeken derňewden soň, harby sudda günäli tapylandygyny habar berdi. IRIB onuň paýtagt Tähranyň günbataryndaky Karajda ýerleşýänRajai Şahr türmesinde jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy, başga detallary açmady. Читать дальше...