World News in Turkmen
Февраль
2020

Новости за 25.02.2020

Azathabar.com 

BAE Eýrana uçar gatnawlarynyň ählisini ýatyrdy

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Eýrana we bu ýurtdan yzyna uçýan uçar gatnawlarynyň ählisini ýatyrdy. Eýranda täze koronawirus sebäpli azyndan 15 adam öldi. Bu san Hytaýdan daşardaky döwletleriň arasynda iň ýokary görkezijidir. Şu hepde Eýranda, Italiýada we Günorta Koreýada täze koronawirus bilen kesellänleriň sany ýiti derejede artandan soň, bu wirusyň dünýä ýaýramagy bilen bagly aladalar artýar. Hytaýda dörän COVID-19 wirusy dünýäde 80 müňden gowrak adama ýokuşdy we bu wirus sebäpli 2 müň 700 çemesi adam öldi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Koronawirus bilen keselleýän adamlaryň sanynyň artmagy global maliýe bazarlaryny hopukdyrýar

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp koronawirusa garşy göreşmek üçin Kongresden $2,5 milliard sorar. Bu waka wirus bilen keselleýän adamlaryň sanynyň artmagynyň, 24-nji fewralda Birleşen Ştatlardan başlap, tä Italiýa we Germaniýa çenli, maliýe bazarlaryny hopukdyran mahalyna gabat geldi. Ak tam Trampyň sorajak maliýe serişdesinden $1 milliardyň halky wirusdan goramaga we sanjym etmäge niýetlenen waksinany işläp taýýarlamak üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Hytaýda dörän COVID-19 wirusy dünýäde 80 müňden gowrak adama ýokuşdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tanymal gazak aktiwisti Aghadil tussaglykda saklanýan mahaly aradan çykdy

Tanymal gazak raýat aktiwisti Dulat Aghadil Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherindäki deslapky tussaghanada saklanýan mahaly aradan çykdy. Bu waka, aktiwistiň ýerli polisiýa hasabat bermek barada suduň çykaran kararyny ýerine ýetirmändigi aýdylyp, onuň tussag edilmeginden bir gün soňa gabat geldi. Nur-Sultanyň polisiýa departamentiniň 25-nji fewralda beren maglumatyna görä, wakadan bir gün öň 43 ýaşyndaky Aghadil hasabat bermek baradaky düzgüni bozandygy üçin deslapky tussaghana ýerleşdirildi we sudy sylamazlykda aýyplandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow problemalary agzamazdan, oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iş maslahatyny geçirip, beýleki meseleler bilen bir hatarda, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. TDH-nyň habaryna görä, 24-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda türkmen prezidenti häkimlere maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmegi... Читать дальше...