World News in Turkmen
Апрель
2020

Новости за 20.04.2020

Azathabar.com 

Eýran ABŞ-ny Pars aýlagynda gabat gelen gämileri barada galp maglumat bermekde aýyplady

Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň sakçylary (IRGC) ABŞ-ny iki ýurduň harby gämileriniň Pars aýlagynda bir-birine gabat gelmegine degişli ýagdaý barada galp maglumat bermekde aýyplady. Munuň öňýany Waşington Eýranyň gämilerini öz gämilerine hüjüm etmekde aýyplady. "Biz amerikanlary halkara kanunlaryna we Pars hem Oman aýlaglarynda gämi gatnawyna degişli protokollara eýermäge hem awantýurismden we galp maglumatlardan gaça durmaga çagyrýarys" diýip eýran resmileriniň 19-njy aprelde ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, futbol möwsümine başlady

Koronawirus pandemiýasynyň dünýäde adamlary distansiýa saklamaga mejbur edýän wagtynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýüzlerçe adam futbol boýunça milli liganyň oýnuna tomaşa etmek üçin stadiona jemlendiler.  Gysga arakesmeden soň Türkmenistan sekiz komandadan ybarat futbol oýunlaryna başlady. Birinji oýunda "Altyn Asyr" we "Köpetdag" komandalary duşuşdy.  ​Sport ministrligi futbol möwsümine başlamak baradaky kararyň "janköýerler armiýasyny begendirendigini" we sportsmenler tarapyndan makullanandygyny aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbegistan koronawirusa garşy çärelerini maý aýyna çenli uzaldýar

Özbegistan koronawirusyň ýaýramagynyň depginini gowşatmak boýunça çärelerini ýene üç hepde uzaldýar, şol bir wagtda-da käbir çäklendirmelerini gowşadýar.  Adalat ministrliginiň beýanatyna görä, 20-nji aprelde tamamlanmagyna garaşylan käbir çäklendirmeler 10-njy maýa çenli dowam eder. Azyk önümlerine degişli bolmadyk harytlary satýan dükanlar işlemez. Olaryň ählisi paýtagtda we onuň golaýyndaky etraplarda 24-nji martdan bäri ýapyklygyna galýar.  ​Şeýle-de, häkimiýetler pensiýalary nagt bolmadyk... Читать дальше...

Azathabar.com 

Koronawirusyň dörän ýeri? Hytaýyň jedelli "Öl bazarlary"

Suratlar birnäçe möhüm kesel bilen baglanyşdyrylýan we häzirki koronawirus pandemiýasynyň dörän ýeri bolup biljek bazar ýerleriniň hakykatyny görkezýär. (Bellik: Käbir suratlar okyjylary biynjalyk edip biler)

Azathabar.com 

Ýewropa COVID-19 bilen bagly käbir çäklendirmeleri gowşadýar

Soňky hepdelerde ykdysady we sosial basyşlaryň astynda bolan Ýewropanyň käbir hökümetleri koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri gowşatmak boýunça deslapky hereketleri edýärler. COVID-19 ýogalanlaryň umumy sany Ýewropada 100 müň adama golaýlady. Germaniýa 20-nji aprelde kiçi we orta dükanlary açmaga rugsat berýär, emma sosial distansiýany saklamak talabyny güýjünde galdyrar.  Ýewropanyň beýleki ýerlerinde, hususan-da Şweýsariýa, Daniýa we Finlýandiýa dükanlary we mekdepleri açyp başlaýar. Belgiýa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Squire Patton Boggs şirketi maliýe dawalar boýunça sudda Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar berýär

Halkara ýuridiki şirketi iki sany aýra-başga arbitraž işlerinde Türkmenistany üstünlikli gorandygyny habar berýär. "Squire Patton Boggs" şirketiniň 15-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, ol maýa goýumlar boýunça halkara dawalara seredýän halkara merkezinde (ICSID) "Lotus Holding Anonim Sirketi" we "Unionmatex" kompaniýalary tarapyndan Türkmenistana garşy gozgalan işlerine gatnaşypdyr. Lotusyň işi boýunça geçen hepdede yglan edilen karara görä, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn... Читать дальше...