World News in Turkmen
Май
2020

Новости за 11.05.2020

Azathabar.com 

Orsýetde türkmenistanly student gyz öýken çişmesinden ýogaldy

Orsýetiň Stawropol regionynda türkmenistanly student gyz öýken çişmesinden ýogaldy. Türkmenistanyň raýatynyň ýogalmagynyň COVID-19 keseli bilen bagly bolup-bolmazlygyny anyklap bolmady. Bu barada habar berýän garaşsyz Turkmen.news neşriniň 11-nji maýda çap eden maglumatyna görä, Ýesentuki şäheriniň dolandyryş we biznes institutynyň studenti 1995-nji ýylda doglan Gülsenem Galabekowa 27-nji aprelde aradan çykypdyr.  Neşriň maglumatyna görä, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda serhetleriň ýapyklygy sebäpli merhumy watanyna... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Talyban" owgan harbylaryna hüjüm edip alty adamy öldürdi, parahat ylalaşygy howp astynda

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, "Talybanyň" goşunyň barlag nokadyna eden hüjüminde alty esger wepat bolupdyr we bäşisi ýaralanypdyr.  Gündogar Laghman welaýatynda bolan bu zorluk urşa batan ýurda parahatçylyk getirmek boýunça ylalaşygy howp astyna salýar.  Goranmak ministrligi 11-nji maýda eden beýanatynda hökümet güýçleriniň hüjümçilere gaýtargy berendigini aýdyp, "Talybanyň" hem ýitgi çekendigini belledi, emma belli san bermedi. "Talyban" hereketi 10-njy maýda bolan bu hüjüme özüniň jogapkärdigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Germaniýada, Hytaýda COVID-19 bilen kesellänler köpelýär, Ýewropalylar çäklendirmeleriniň gowşamagyna begenýär

Fransiýada we Ispaniýada koronawirusyň ýaýramagyny saklamak üçin girizilen öýde galmagy talap edýän çäklendirmeleriň gowşamagyndan millionlarça adam lezzet alýarlar. Emma dünýäde COVID-19 zerarly ýogalanlaryň sany boýunça ABŞ-dan soň ikinji ýerde duran Britaniýa çäklendirmeleri saklap galdy. Germaniýa kesellänleriň köpelmegine duçar boldy.  Koronawirusa degişli ýagdaýa doly gözegçilik edýändigini mart aýynda yglan edip, zawodlary we fabrikleri açan Hytaý 17 sany täze keselläni hasaba alandygyny aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Moskwada aprel boýunça ölüm derejesi 20% göterilipdir

Moskwanyň resmi hasaba alyş edaralary şu ýylyň aprel aýynda şäherde ölüm derejesiniň soňky 10 ýylyň dowamyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende 20% ýokary bolandygyny aýdýarlar.  Resmi sanlara görä, aprelde Moskwada 11 846 adam ýogalypdyr. Soňky on ýyla degişli iň ýokary san 9866 adamdan ybarat bolupdyr. Bu sanlar Orsýetde koronawirusyň Ýewropa boýunça iň çalt ýaýraýan döwrüne gabat gelýär. Şol bir wagtda-da koronawirusdan ýogalanlaryň resmi sanynyň 0,9% derejesinde ýokary däldigi, häkimiýetleriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranyň harby gämisi öz ýaran gämisine zarba urdy

Eýranyň harby gämisiniň Oman aýlagynda geçirilen harby-deňiz türgenleşikleriň dowamynda tötänden raketa zarbasy bilen ýaran gämisine degip, 19 deňizçi wepat boldy we 15-si ýaralandy diýip, telewideniýe 11-nji maýda habar berdi. Eýranyň we ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlylygyň güýçlenen pursadyna gabat gelen bu hadysa 10-njy maýda Tährandan 1270 kilometr uzaklykda Oman aýlagynda ýerleşýän Jask portunyň golaýynda ýüze çykdy. Döwlet telewideniýesi raketa zarbasyny tötänlik diýip häsiýetlendirdi, we... Читать дальше...