World News in Turkmen
Ноябрь
2020

Новости за 15.11.2020

Azathabar.com 

Moldowanlar Günbatara we Russiýa tarapdar dalaşgärleriň arasyndaky prezident saýlawynda ses berýärler

Moldowanlar möhüm prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berýärler. Bu saýlawda Günbatar tarapdary, Bütindünýä bankynyň öňki ykdysatçysy Russiýa tarapdar bäsdeşine garşy göreşýär. Moldowanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasy ses berişligiň ýurtdaky we daşary döwletlerdäki 2000-den gowrak saýlaw uçastogynda başlandygyny aýtdy. 15-nji noýabrda geçirilýän saýlaw, öňki sowet respublikasynyň syýasy geljegi bilen baglanyşykly çekeleşikli söweşiň soňky bölümidir: Moldowa Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşýarmy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Belarus polisiýasy onlarça demonstranty tussag etdi

Belarusyň polisiýasy awgust aýyndaky jedelli ses berişligiň yzýany, ýurtda täze prezident saýlawlarynyň geçirilmegini we Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän onlarça demonstranty tussag etdi. Polisiýa paýtagt Minskdäki Puşkinskaýa metro stansiýasynyň golaýynda ýygnanan adamlaryň üýşmeleňini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy. 15-nji noýabrda bu ýerde birnäçe müň adam ýygnandy. Demonstrantlar Belarusdaky syýasy oppozisiýanyň nyşanyna öwrülen we gadagan edilen ak-gyzyl-ak reňkdäki baýdaklary göterip, “Lukaşenka! Читать дальше...

Azathabar.com 

Ermenistan parahatçylyk şertnamasynyň çäginde jedelli territoriýalary Azerbaýjana tabşyryp başlaýar

Ermenistan jedelli Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepdelik söweşi bes eden parahatçylyk şertnamasynyň çäginde 15-nji noýabrda jedelli territoriýalary Azerbaýjana tabşyryp başlaýar. Onlarça ýyl bäri etniki ermenileriň kontrollugynda saklanan Azerbaýjanyň Kalbajar etrabynyň ýaşaýjylary öýlerini terk etdiler, käbirleri gitmezden ozal öýlerini otladylar diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy habar berýär. Kalbajarda – Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany, 1990-njy ýyllardaky uruşda ermeniler tarapyndan kowulmazdan ozal ... Читать дальше...

Azathabar.com 

Bosniýalylar gijikdirilen ýerli saýlawlarda ses berýärler

15-nji noýabrda bosniýalylar ýurduň býujet krizisi sebäpli yza süýşürilen ýerli saýlawlarda ses berýärler. 3,4 milliona golaý saýlawçynyň ýurduň iki awtonom sebitinde - Bosniýa-Horwat federasiýasynda we Srpska respublikasynda, şeýle-de bitarap Brsko etrabynda şäher we munisipal geňeşlerini hem-de häkimlerini saýlamak boýunça geçirilýän saýlawlarda ses bermäge hukugy bar. Saýlawlar ýerli wagt bilen sagat 07:00-de açyldy we 19:00-da ýapylar. Deslapky netijeleriň ýary gije yglan edilmegine garaşylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

15 Aziýa-Ýuwaş umman döwleti dünýäniň iň uly söwda şertnamasyna gol çekýär

15-nji noýabrda geçirilýän Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) ýyllyk sammitiniň çäginde Hytaý we başga-da 14 ýurt dünýäniň iň uly söwda şertnamasyna gol goýýar. Bu ýylky ASEAN sammiti Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçirilýär. Ýöne sammit koronawirus pandemiýasy sebäpli wideokonferensiýa arkaly amala aşyrylýar. Söwda şertnamasyna gol çekişlik dabarasy wirtual görnüşde geçiriler. Sebitleýin hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk (RCEP) diýlip atlandyrylýan bu şertnama 15 ýurduň arasynda... Читать дальше...