World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 30.11.2021

Azathabar.com 

Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk doly onlaýn görnüşe geçýär. Onlaýn gazet-žurnallar ähli okyjylar üçin tölegli bolýar

Lebap welaýatynda döwletiň howandarlygyndaky metbugata hökmany abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Bu mejbury çäräniň başlamagy bilen, Lebabyň häkimiýetleri edara-kärhanalaryň işgärlerine 2022-nji ýyldan başlap gazet-žurnallary diňe onlaýn görnüşde okap biljekdiklerini duýdurýarlar. Bu aralykda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2022-nji ýyldan başlap hyzmatlaryň tölegli esasda ýola goýulmagy ugrunda işleriň geçirilýändigini habar berýär. Häzirki wagt bu gullugyň websaýtynda ýurtda çap edilýän gazet-žurnallar... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Talyban” bilen duşuşyga diňe diplomat erkek adamlar gidýär. Bu manysyzdyr

Owgan aýallary we ynsan hukuklaryny goraýjylar daşary ýurt hökümetlerini hem-de guramalaryny Owganystandaky “Talyban” bilen duşuşmak üçin, diňe erkek kişilerden bolan wekiliýeti iberýändigi üçin tankytlaýarlar. “Talyban” Owganystanda häkimiýeti ele geçirende, halkara jemgyýetçiligi bu söweşiji yslamçy topara aýal-gyzlara deň bolmadyk syýasaty üçin, jogapkärçilik çekjekdigini borç edip goýdular. Şeýle-de bolsa, daşary ýurt hökümetleri we guramalary tarapyndan “Talyban” bilen duşuşmak üçin iberýän delegasiýalaryň köpüsine aýallary goşmaýarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýede türk lirasynyň ýiti hümmetsizlenmegi türkmen migrantlaryna ýaramaz täsir ýetirýär

Soňky aýlarda Türkiýede dollaryň türk lirasyna bolan gatnaşygynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanmagy bu ýurtda zähmet çekýän türkmen migrantlaryna we olaryň Türkmenistandaky hossarlaryna ýaramaz täsir ýetirýär. Türkmen migrantlary türk lirasynyň hümmetiniň pese gaçmagy zerarly yzynda galan hossarlaryna, şol sanda çagalaryna dollar ibermekde kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada türkmen migrantlarynyň Türkmenistandaky hossarlary Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysyna gürrüň berdi.