World News in Turkmen
Июнь
2022
18

Новости за 01.06.2022

Azathabar.com 

Tomsuň gelmegi bilen Lebapda agyz suw ýetmezçiligi güýçlenýär

Tükmenistanda köpden bäri dowam edýän suw ýetmezçiligi tomus aýlarynda hasam güýçlenýär. Şu günler Lebapda ýaşaýyş jaýlara berilýän suw üpjünçiligi esli wagtlap kesilýär, kanalizasiýa problemasy agyrlaşýar.        Farapda ýaşaýyş jaýlarda suw günüň dowamynda diňe bir gezek, ýagny irden sagat 9-da 25 minudyň dowamynda berlilýar. Bu barada habar berýän Azatlygyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine gňrä, üstesine şäheriň ýaşaýyş jaýlarynyň esli böleginde kanalizasiýa oňaýlygy ýok. "Jaýlaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Çagalar we býujet işgärleri aýrybaşga iki köpçülik çäresine mejbury çekildi - Mary

1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni Mary welaýatynyň Mary şäherinde geçirilen köpçülik çärelerine çagalar mejbury çekildi. Şeýle-de, welaýat paýtagtynyň merkezi köçelerinde Bütindünýä welosiped gününiň öňýany, 1-nji iýunda irden köpçülikleýin tigir sürmek çäresi geçirildi. Bu çärä bolsa, býujet işgärleri mejbury gatnaşdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Azathabar.com 

Pussy Riot pank toparynyň Türkmenistanyň raýaty bolan gatnaşyjysy Horwatiýada saklandy

Pussy Riot rus pank toparynyň Türkmenistanyň raýaty bolan gatnaşyjysy Aýsoltan Nyýazowa Horwatiýanyň Bregana şäherinde saklandy. Habar berilmegine görä, Nyýazowa Türkmenistanyň Interpola beren haýyşnamasy esasynda saklandy. Aşgabat Nyýazowanyň tussag edilmegi üçin 2003-nji ýylda gurama ýüz tutupdyr. Ekstradisiýa karary horwat kazyýeti tarapyndan kabul ediler.

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow ogly Kerimguly bilen haj zyýaratyny amala aşyrýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýunda Saud Arabystanynyň jedda şäherine geldi diýip, Saud Arabystanynyň döwlet habar agentligi SPA twitterde habar berdi. Bu onuň 12-nji martda prezident saýlanaly bäri daşary ýurda eden ilkinji sapary bolýar. Türkmenistanyň prezidenti Abdulaziz patyşanyň adyny göterýän halkara howa menzilinde iki mukaddes metjidiň halypasynyň geňeşçisi we Makge sebitiniň gubernatory, Şazada Halid Al-Faýsal tarapyndan garşy alyndy. Şeýle-de, ýokary derejeli... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbegistan ýyl başyndan bäri 124,000 tonnadan gowrak un satyn aldy. Esasy üpjünçi - Gazagystan

Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistan un importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 müň tonna artdyryp, 124,8 müň tonna çenli ýokarlandyrdy. Merkezi Aziýa respublikasy dört aýyň dowamynda un satyn almak üçin 38,5 million dollar sarp etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy habar berýär. Gazagystan 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistana 122,8 müň tonna bugdaý ununy eksport edip, iň esasy üpjünçi boldy. Ýöne... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ýollaryň birine öz atynyň adyny dakmagy teklip etdi

"Neýtral Türkmenistan" gazetiniň habaryna görä, Türkmenistanyň ozalky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz aty Akhanyň adyny Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezine öwrüljek täze şäheriň uly köçeleriniň birine dakmagy teklip edipdir. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň teklibi bilen şäherde Akhana şeýle-de ýadygärlik gurulmak planlaşdyryldy. Ýaşuly Berdimuhamedow täze gurulýan şähere sapar eden wagtynda ýadygärligiň guruljak köçesine hem Akhanyň hormatyna onuň adyny dakmagy teklip etdi. Mundan öň Ahal sebitiniň täze dolandyryş merkezinde G. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň jaýy garrylar öýüne öwüriler

Gyrgyzystanyň Döwlet emläk dolandyryş gaznasy Sosial-demokratlar partiýasynyň wekilleriniň ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň Koý-Taşdaky rezidensiýasynda çagalar üçin bilim we dynç alyş sport toplumyny açmagy buýrandygy baradaky maglumatlara düşündiriş berdi diýip, Azatlygyň Gyrgyz gullugy habar berýär. Aýdylmagyna görä, “Koý-Taş obasyndaky umumy meýdany 1385,5 inedördül metre barabar bolan saglyk merkezi döwlet eýeçiligine geçirildi” we eýeçilik hukugy 12-nji aprelde kadastr hasabyna alyndy. Читать дальше...