World News in Turkmen
Октябрь
2022

Новости за 30.10.2022

Azathabar.com 

Hytaý ýylyň başyndan bäri $7,32 milliardlyk türkmen gazyny import etdi 

Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Hytaýa eksport eden gazynyň bahasy 7,32 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Bu barada Türkmenistanyň media serişdesi bolan "Biznes Türkmenistan" TASS rus agentligine we Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp habar berdi. Neşiriniň çap eden maglumatynda munuň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51% ýokarydygy aýdylýar.  Maglumata görä, diňe awgust aýynda Hytaý 2,3 milliard kubometr türkmen tebigy gazyny import edipdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

Seul: Hallowin baýramçylygynda dörän basa-baslykda 151 adam heläk boldy

Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilen Hallowin baýramçylygynda märekede dörän basa-baslygyň netijesinde azyndan 151 adam öldi, ýene ýüz adam ýaralandy. Bu barada “The Korea Herald” habar berýär. Heläkçilik Ithawon etrabynyň "Hamilton" myhmanhanasynyň golaýyndaky dar köçede ýygnanan mähelläniň içinde boldy. Sebäpleri entek belli däl. Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol gyssagly maslahat geçirdi. Ýurduň dürli künjeklerinden 800-den gowrak halas ediji pidalara kömek etmek işine gatnaşdy diýip, “Associated Press” habar berýär. Читать дальше...