World News in Turkmen
Январь
2024
1
13
20
27

Новости за 10.01.2024

Azathabar.com 

Diňle: Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk boldy

Baýramçylyklardan soňky hepde Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary ýakymsyz ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Täze ýylyň ilkinji hepdesinde şäherde hususy awtoulaglaryň bölekleriniň we içindäki zatlaryň talanmagy, şeýle-de dükanlarda harytlaryň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň ençemesi boldy.

Azathabar.com 

Diňle: Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 9-njy ýanwarda ýene güýçli tozanly ýel turdy. Etrabyň birnäçe geňeşliginde ilatyň elektrik üpjünçiligi kesildi. Şeýle-de, güýçli ýel köp hojalygyň mal ýataklaryny ýumurdy, sebitden geçýän demir we gara ýollary çäge basdy.

Azathabar.com 

Diňle: 50-ä golaý türkmen raýaty Türkiýeden deport edildi

Türkmen raýatlarynyň 50-ä golaýy Türkiýeden Türkmenistana deport edildi. Olara galp resminamalar esasynda Türkiýede ýaşamaga ygtyýarnama almakda aýyplama bildirildi. Bu ýagdaýlar barada türk metbugat serişdeleri habar berýärler.