World News in Turkmen
Май
2024
25

Новости за 08.05.2024

Azathabar.com 

Diňle: Ýygjamlaşýan adatdan daşary tebigy hadysalar ilaty ynjalykdan gaçyrýar

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Ahal welaýatynyň demirgazyk sebitlerinde, we Mary welaýatynda 7-nji maýda güýçli şemal öwsüp ýel turdy. 4-nji maýda Aşgabadyň eteklerinde hem şemally howa boldy. 3-nji maýda paýtagtyň günortasynda sähel ýer yranmasy ýerli ýaşaýjylarda ynjalyksyzlyk döretdi.

Azathabar.com 

Diňle: Durdylyýew Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, wezipesinden boşadyp, bu wezipä Gülşat Mämmedowany belledi. Prezidentiň gol çeken degişli permanlary 6-njy maýda döwlet metbugatyndan çap edildi.