World News in Turkmen
Февраль
2025
1
15
23

Новости за 07.02.2025

Azathabar.com 

Tramp HJK-a sanksiýalar girizmek baradaky karara gol çekdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Halkara jenaýat kazyýetiniň (HJK) resmilerine Birleşen Ştatlary we Ysraýyly nyşana alýan derňewleri başladandygy üçin sanksiýa girizmek baradaky karara gol çekdi. Ak tamyň web sahypasynda çap edilen kararda Gaagadaky kazyýetiň “Birleşen Ştatlary we onuň ýakyn ýarany Ysraýyly nyşana alýan “bikanun we esassyz hereketleri edendigi” aýdylýar. Tramp tarapyndan 6-njy fewralda gol çekilen kararda bu hereketleriň “ABŞ-nyň häzirki we öňki işgärlerine, şol sanda Birleşen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda arassaçylyk işleri bat alýar, guran agaçlara ýaşyl boýag çalynýar

Mary welaýatynda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri Mary şäherinde käbir ýollaryň bejerilýändigini we olaryň gyralaryndaky baglary timarlamak we gurap duran agaçlaryň görküni gowulandyrmak üçin jemagat gulluklaryň işgärleriniň olara ýaşyl reňkli boýag çalýandygyny gürrüň berdi.   "Marynyň esasy obýezdnoý ýolunyň ugruna we howa menziliniň golaýyna üns berilýär. Howa menziliniň golaýyndaky baglaryň düýbi arassalanyp, ak reňk çalynýar, otlar çapylýar... Читать дальше...

Azathabar.com 

MHM Maryda multimedia mahabatlaryny nyşana alýar, telekeçiler sorag edilýär

Mary welaýatynda Instagram, YouTube we TikTok ýaly sosial ulgamlarda mahabat ýerleşdirýän telekeçiler, dükan eýeleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilýär. Häkimiýetler şeýle mahabatlaryň mazmunyny sorag astyna alyp, telekeçilerden para soraýar. “Men gül söwdasy bilen meşgullanýaryn. Dükanymdaky satlyk güllerimi reklama edip, wideo düşürdim we sosial mediada paýlaşdym. MHM-niň üç işgäri gelip, seniň reklamaňda biziň ýurdumyzyň talaplaryna laýyk gelmeýän sözler... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda Orsýete gatnaýan uçarlara isleg artýar, 'araçy' hilegärleriň duzagyna düşýän adam köpelýär

Türkmenistanda Orsýete gatnaýan uçarlara uly isleg saklanýar. Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy Orsýete uçar gatnatmagyny bes edensoň rus S7 şirketi iki ýurduň arasynda uçar gatnawyny üpjün edýän ýeke-täk awiakompaniýa bolup, onuň biletleri has gymmat bolsa-da, tiz satylyp gutarýar. Bu aralykda Orsýete gitmäge mümkinçilik gözleýän türkmenistanlylar arzan bilet satyn alyp bermekde ýardam hödürleýän hilegärleriň aldawyna düşýär. "Russiýa gitmekçi bolýanlar S7 awiakompaniýasynyň uçarlarynyň biletlerini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenbaşyda okuwçy gyzlarda “ahlak päkiligi” atlandyrylýan ginekologiýa barlagy geçirilýär

Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlar “ahlak päkiligi” atlandyrylýan mejbury ginekologiýa barlagyndan geçirilýär. Nobatdaky barlaglarda gyzlardan mazok hem alnyp, olarda jynsy ýollar arkaly geçýän ýokanç keselleriň bardygy ýa-da ýokdugy barlanýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji fewralda sebitden maglumat berdi. “5-nji fewralda şäheriň 2-nji, 3-nji, 5-nji we 10-njy mekdeplerinde geçirilen barlaglara zenan polisiýa ofiserleri hem gatnaşdy. Barlaglar okuw wagtynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan, Gyrgyzystan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Gyrgyz telekeçileriniň aprel aýynda Türkmenistana işewürlik saparyna gelmegine garaşylýar. “Biznes Türkmenistan” neşiriniň resmi metbugata salgylanyp ýazmagyna görä, Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky baş ilçisi Azizbek Madmarow 4-nji fewralda türkmen hökümetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşyp, Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasyny döretmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu gazna bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine ýardam eder diýip, resmi habarda bellenýär.... Читать дальше...

Azathabar.com 

Azerbaýjan Bakuwdaky "Rus öýüniň" işine nägilelik bildirdi

Azerbaýjan häkimiýetleri Russiýanyň "Rossotrudniçestwo" agentliginiň ýurtdaky işiniň togtadylandygy barada Moskwa resmi maglumat iberdi diýip, resmi Baku bilen baglanyşykly habar serişdeleri dördünji gün habar berdi. Resmi Baku bu habarlary häzirlikçe ne tassyklady, ne-de ret etdi. Emma “Rossotrudniçestwonyň” başlygy Ýewgeniý Primakow bu habary tassyklady. Ol TASS habar gullugyna azerbaýjan häkimiýetleriniň “Rossotrudniçestwo” wekilhanasynyň ýurtda hasaba alynmagyny hakykatdan hem talap edendigini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp, Ysraýylyň premýerini tussag etmek baradaky karary üçin, HJK-ä sanksiýa girizdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Halkara jenaýat kazyýetine (HJK) Birleşen Ştatlara we Ysraýyla garşy "bikanun we esassyz hereketleri" üçin sanksiýa girizmek baradaky karara gol çekdi. Bu karar Ak tamyň web sahypasynda çap edildi. Resminamada kazyýetiň "Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen öňki goranmak ministri Ýoaw Galanty tussag etmek barada esassyz karar çykarmak bilen öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy" aýdylýar. "HJK-niň ABŞ ýa-da Ysraýyl babatynda hiç hili ýuridiksiýasy ýok... Читать дальше...