World News in Turkmen
Март
2025
1
22
29
30

Новости за 20.03.2025

Azathabar.com 

Jaý üstünde maşgala agzalary bir-birini suda berýär - maryly ýaşaýjylar

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý problemasy we agyr ykdysady şertlerde ýaşaýan hojalyklaryň jaý edinmek mümkinçiliginiň örän ujypsyz bolmagy maşgalalar üçin agyr synag döredýär, käte duşmançylyga we rehimsizlige alyp barýar. Azatlygyň habarçylary birnäçe maşgalanyň düşen ýagdaýyny gürrüň berýärler. Mary welaýatynda jaý meselesi hojalyklaryň ýykylmagyna sebäp bolýar. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylar öz şahsy ýagdaýyny gürrüň berdiler. "Meniň 3 gyzym we 2 oglum bar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Halkara žurnalistler guramalary ABŞ-ny metbugat azatlygyny goramaga, media işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar

Ýigrimi ýedi sany halkara žurnalistler guramalary ABŞ häkimiýetlerini metbugat azatlygyny goramaga hem-de ABŞ-nyň Global Media Agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän we dolandyrylýan media guramalarynyň işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar. Global Media Agentligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Azat Aziýa Radiosy we Amerikanyň sesi ýaly başga-da birnäçe media guramasyna gözegçilik edýär. ABŞ prezidenti Donald Tramp 14-nji martda agentligiň işini azaltmak boýunça karara gol çekdi. Munuň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýede Stambulyň häkiminiň tussag edilmeginden soňra protestler başlandy

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň esasy garşydaşy, Stambulyň häkimi Ekrem Ymamoglunyň tussag edilmeginden soňra müňlerçe adam protestlere çykdy. Polisiýa demonstrantlara garşy ýörite çärelerden peýdalandy diýip, habarlarda aýdylýar. Stambul şäher häkimliginiň öňünde hem-de Ymamoglunyň alnyp gidilen polisiýa bölüminiň öňünde hem-de tussag edilmeginden bir gün ozal onuň diplomynyň güýji ýatyrylan uniwersitetiň öňünde protestler barýar. Şäher häkiminiň diplomynyň güýjüniň ýatyrylmagy onuň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Gaza zolagynda täze guryýer operasiýasyna başlaýar

Ysraýylyň Goranmak güýçleri Gaza zolagynda täze guryýer operasiýasyna başlaýandygyny yglan etdi. Harbylar bu operasiýanyň maksadynyň howpsuzlyk zolagyny giňeltmekden hem-de Gazanyň demirgazyk we günorta sebitleriniň arasynda bölekleýin bufer zolagyny döretmekden ybarat bolandygyny aýtdy. Media maglumatlaryna görä, Ysraýylyň Goranmak güýçleri Gazany iki bölege bölýän Netzarim geçelgesine gözegçiligi giňeldipdir. ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen “Hamas” Ysraýyl harbylarynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystanda Nowruz indi dabara däl: Garyplyk we Talyban çäklendirmeleri baýramy ýatyrdy

Jalal Şirzad ýaşlygynda her ýylyň ýaz paslynda Mazari-Şerif şäherinde geçirilýän Nowruz dabaralarynyň merkezinde bolandygyny ýatlaýar. Her ýyl müňlerçe adam ýurduň dürli künjeklerinden gelip, birnäçe günläp dowam edýän toýlara gatnaşýardy. Dabaralar özüniň gök gümmezi bilen tanalýan dini ybadadathanada baýdak galdyrmak gadymy däbi bilen başlanyp, ondan soň nahar ýarmarkalary, aýdym-saz we tans dabaralary, däp bolan sport ýaryşlary we maşgala gezelençleri bilen dowam edýärdi. Ýöne Talyban häkimiýet başyna geleli bäri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda howa adatdan daşary gyzýar, ýangyn hadysalaryna garşy hüşgärlik artýar

Şu günler ýurduň dürli sebitlerine bahar paslyna mahsus bolmadyk yssy howa aralaşýar, ýangyn hadysalaryna garşy hüşgärlik derejesi artdyrylýar. Aşgabatda howanyň temperaturasy 18-nji martda +33,3 gradusa çykdy. Mundan ozal, şol günde türkmen paýtagtynda gyzgynlygyň iň ýokary derejesi +30 gradus bilen taryhda 1974-nji ýylda hasaba alnypdy diýip, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri habar berýär. Sarahsda termometrler +35 gradusy görkezýär. Howanyň gyzyp başlamagynyň arasynda, soňky birnäçe... Читать дальше...