World News in Turkmen
Апрель
2025
12
19
26
27

Новости за 10.04.2025

Azathabar.com 

Türkmenistanlylar Türkiýede ýaşamak rugsadyny alan daşary ýurtlylaryň arasynda birinji orunda durýar

Türkiýede ýaşaýyş rugsady bolan daşary ýurtlylaryň arasynda türkmenistanlylar birinji orny eýeleýär. Bu barada Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň 3-nji apreldäki resmi maglumatlarynda bellenilýär. Şol senä çenli 121 müň 990 türkmenistanly Türkiýede ýaşamak üçin resmi rugsada eýe bolupdyr. Ikinji orny Azerbaýjanyň raýatlary (85 müň 331 adam), üçünji orny bolsa Russiýanyň raýatlary (81 müň 413) eýeleýär. Ilkinji bäşligiň hatarynda Eýran (76 müň 416) we Siriýa (73 müň 63) hem bar. Student ýaşaýyş rugsady... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Eýran bilen geçiriljek ýadro gepleşikleriniň öz ýany, harby güýç ulanmak haýbatyny gaýtalady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýranyň ýadro maksatnamasyny bes etmegi bilen bagly ylalaşyga gelinmese, onda harby güýç ulanyljakdygy baradaky haýbatyny ýene bir gezek gaýtalady we zerur bolan halatynda Ysraýylyň bu mümkin harby zarba “ýolbaşçylyk” etjekdigini aýtdy. Tramp, 9-njy aprelde Ak Tamda žurnalistleriň şu hepdäniň aýagynda ABŞ-nyň Eýran bilen Omanda geçirjek gepleşikleri we olaryň möhleti baradaky soragyna, “zerurlyk bolsa”, onda harby çäreleriň ulanylmagynyň “hökmany” boljakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda TikTok-da çykyş edýänler soraga çekilýär

Sosial ulgamlarynda çykyş edýän türkmenistanlylar ýene-de häkimiýetleriň basyşyna sezewar bolýarlar. TikTok-da çykyş edýänleriň MHM işgärleri tarapyndan soraga çekilmegine degişli ýagdaýlaryň birnäçesi şu hepde Aşgabatda ýüze çykdy. "Şu gün günortan Aşgabadyň MHM bölümi TikTok platformasynda göni ýaýlymda söhbetdeşlik (batl) geçirýän tiktokerleri soraga çekdi. Käbirleri 15 sutka tussag edildi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme 9-njy aprelde habar berdi. Howpsuzlygy sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan birnäçe çeşmäniň maglumatyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Hytaý üçin söwda paçlaryny 125% çenli ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Hytaýdan getirilýän harytlara goýulýan gümrük paçlaryny 104%-den 125%-e çykardy. Ol bu kararyny Hytaýyň “dünýä bazarlaryna hormat goýmazlygy” bilen düşündirdi. Täze paçlar derhal güýje girýär. “Belli bir wagtda, umyt edýärin, ýakyn wagtda, Hytaý ABŞ-y we beýleki ýurtlary talamagyň indi mümkin däldigine we kabul ederliksizdigine düşüner” diýip, Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy. Şeýle hem, Tramp 75-den gowrak ýurduň ABŞ bilen söwda şertnamalary boýunça... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Ýaponiýa sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13 -15-nji aprel aralygynda Ýaponiýa sapar eder. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň 9-njy aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar. Maglumata görä, Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşar. Onuň Ýaponiýanyň imperatory we premýer-ministri bilen hem duşuşyklary geçirmegine garaşylýar. Ýaponiýanyň Daşary syýasat edarasy Serdar Berdimuhamedowyň geçmişde bu ýurda bäş gezek sapar edendigini... Читать дальше...