World News in Turkmen
Май
2025
3
10
24
31

Новости за 05.05.2025

Azathabar.com 

Berk çäklendirmeler, mejbury çäreler prezidentiň Balkana amala aşyran iş saparyna kölege saldy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-2-nji maýda Balkan welaýatyna iki günlük iş saparyny amala aşyryp, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi, Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýöne bu dabaralar ýerli ilatyň aňynda berk çäklendirmeler astynda ýerine ýetirilen mejbury çäreler hökmünde galdy. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri iş saparynyň öňüsyrasynda, sebitde Internet çäklendirmeleriniň geriminiň giňeldilendigini aýdýarlar. Şeýle-de, saparyň dowamynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen türgeni dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmen türgeni Yslam Akmyradow Perunyň paýtagty Lima şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy diýip, “Türkmenportal” habar berýär. Yslam Akmyradow 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 141, itekläp götermekde 175 we iki görnüşiň jemi boýunça 316 kilogram netije bilen ikinji orny eýeledi. Neşir mundan öň bu ýaryşa gatnaşýan türkmenistanlylaryň arasynda Didarbek Jumabaýewiň, Kakamyrat... Читать дальше...

Azathabar.com 

MHM hökümet tankytçylarynyň “ýurda getirilip jezalandyryljakdygyny” aýdýar

Soňky günlerde Balkan welaýatynda kanun goraýjy edaralar ýerli ýaşaýjylar bilen ýygnak geçirip, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerine we garaşsyz habar serişdelerine garşy wagyz-nesihat çärelerini güýçlendirdi. Bu mejbury ýygnaklar daşary ýurtlarda Berdimuhamedowlaryň ýiti tankytçylarynyň saklanyp, olaryň dünýäniň iň repressiw ýurtlarynyň biri Türkmenistana deport edilmek howatyrlarynyň arasynda geçirilýär. Azatlygyň ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, Balkanabat... Читать дальше...

Azathabar.com 

Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýär

Türkmen resmisi BMG-niň Gynamalara garşy komitetine beren hasabatynda Türkmenistanda gomoseksual adamlara ýowuz daraşylmagy baradaky maglumatlary ret etdi. Ýöne LGBT jemgyýetiniň wekilleri resmi beýanatlar bilen özleriniň ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar we hukuk bozulmalaryna ünsi çekýärler. Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 23-24-nji aprelde bu ýurtda gynamalara we ýowuz daraşmalara garşy ýerine ýetirilen işler boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýe türkmen gazyny Hazar geçirijisi arkaly hem aljakdygyny aýdýar

Türkiýe, Hazar deňziniň düýbünden çekilen geçiriji arkaly, ýene bäş ýyldan türkmen tebigy gazyny import etjekdigini aýdýar Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bu habary Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Stambul şäherinde geçirilen Tebigy baýlyklar sammitinde eden çykyşynda aýdan sözlerine salgylanyp berýär. Türk prezidenti türkmen gazynyň Türkiýä şu ýylyň martynda, Eýranyň çäginden iberilip başlanandygyny belläp, bu ugur boýunça eýýäm 250 million... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere 200 manat sowgat berer

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara, şol döwürde tylda zähmet çeken adamlara, Gitlerçi Germaniýa bilen bolan uruşda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Habarda gymmat bahaly sowgatlaryň bahasy anyklaşdyrylmaýar. Serdar Berdimuhamedowyň kararynda bu sowgatlaryň uruş weteranlaryna söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, tylda zähmet çeken ak saçly... Читать дальше...