Şu ýyl Gurban baýramy Türkmenistanda ýene-de çäklendirmeler astynda geçidi. Üýşmeleňlere, ilatyň sadaka çärelerine gözegçilik edildi, ýaşlaryň hiňňildik uçmagyny gadagan etmäge synanyşyk edildi. Her ýyl Gurban baýramynyň dowamynda hiňňildik uçmak däbi häkimiýetleriň we ýaşlaryň arasynda dartgynlylygyň ýüze çykmagyna getirýär diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary belleýär. Olaryň sözlerine görä, şu ýyl şeýle ýagdaýlaryň biri Büzmeýinde ýüze çykypdyr. 8-nji iýunda Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş... Читать дальше...
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we özbek lideri Şawkat Mirziýoýow Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak üçin Moskwa sapar edenlerinde, bu öňden bäri ysnyşykly gatnaşýan ýolbaşçylaryň arasyndaky duşuşyklaryň ýene bir tapgyry bolýar. Ýöne olaryň çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän we soňky ýyllarda ýygjamlaşýan duşuşyklar düýpden başga bir ýagdaýy, miras geçirmek prosesiniň dowam edýändigini görkezýär. Kreml Merkezi Aziýany indi uzak wagt bäri öz täsir meýdanyndaky sebit hasaplaýar. Читать дальше...
Daşoguzda saglygy saklaýyş pudagynyň öňki ýolbaşçysy we ýene birnäçe wekili sud edildi. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri iş kesilen öňki resmileriň tussaglykda gynamalara sezewar edilendigini aýdýarlar. Welaýatyň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Begenç Rejepowyň 10 ýyl azatlykdan mahrum edilendigini habar beren çeşmelerimiz bu kararyň 26-njy maýda geçirilen sud diňlenişiginde yglan edilendigini aýtdylar. "Sud Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirlik binasynyň mejlisler zalynda açyk görnüşde geçirildi. Читать дальше...
Türkmenistanda iki ýyllyk harby gullugyny tamamlan esgerleriň öýlerine dolanyp gelmegi hem-de saçak başynda türkmen goşunynda dörän çylşyrymly ýagdaýlar barada özakymlaýyn, hiç bir guramaçylyksyz ýagdaýda dörän ‘halk maslahatlary’ dowam edýär. Bu ‘maslahatlara’ gullukdan gelen ýigitleriň ene-atalarynyň berýän sadakalaryna gelýän dürli ýaşdaky ýaşaýjylar gatnaşýarlar. Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatlar bu sadakalarda edilýän gürrüňleriň köplenç korrupsiýa, deňsizlik meselelerine... Читать дальше...
8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Resmi maglumata görä, Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ulgamy görkezilipdir. Читать дальше...
Türkmenistanda un, çörek aladalarynyň arasynda, 4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişildi. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bu işlere 11-nji iýunda goşular. Resmi maglumata görä, şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda-da, Türkmenistan daşary ýurtlardan uly mukdarda un satyn alýar. Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň edilendigini aýdýar, ýöne habarlar ýurtdaky un... Читать дальше...