World News in Turkmen
Август
2025
2
3
16
23
30

Новости за 08.08.2025

Azathabar.com 

Tramp: Ermenistan, Azerbaýjan Ak tamda boljak duşuşykda parahatçylyk ylalaşygyna gol çekerler

Ermenistan we Azerbaýjan arasynda, iki ýurduň liderleri 8-nji awgustda ABŞ prezidenti Donald Tramp tarapyndan Ak tamda kabul edilende, bu ýurtlaryň arasynda onlarça ýyl bäri dowam edýän çaknyşygy soňlajak, ABŞ araçylygyndaky, parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmegine garaşylýar. Ermenistanyň premýer ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew “ykdysady mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmek, şeýlelikde Günorta Kawkaz sebitiniň kuwwatyny doly açmak” maksady bilen Birleşen Ştatlar... Читать дальше...

Azathabar.com 

'Altyn diş, mermer daş' Balkanyň gonamçylyklarynda ogurlyk köpelýär

Balkanabatda we onuň töwereginde ýerleşýän gonamçylyklarda soňky günlerde dürli görnüşli ogurlyk hadysalary hasaba alnypdyr. Ýerli polisiýa gözleg işlerini geçirýär. Balkanabadyň gündogar böleginde "Rus gonamçylygy" diýilýän hristian mazarlygynda, şäheriň günbatar bölegindäki "Gara ahun" we "Gaýyp işan" gonamçylyklarynda guburlaryň gazylmagy we merhumlaryň jesetleriniň talanmagy, şol sanda olarda altyn diş gözlenmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi ýüze çykypdyr. "Bu ýerde guburlary gazyp, jaýlanan meýitleri açyp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýär

Balkan welaýatynyň administratiw merkezinde býujet işgärleri Bereket etrabynyň gowaça meýdanlarynda çürtüm işlerine çekilýärler. Ýogsa olar, geçen hepdelerde 'Awaza' milli syýahatçylyk zolagynda güýçlendirilen arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini tamamlap, ýaňy-ýakynda sebit paýtagtyna dolanypdy. “Işgärler 6-njy awgustda ýörite awtobuslarda Bereket etrabynda ýerleşýän gowaça meýdanlaryna köpçülikleýin alnyp gidildi” diýip, Balkan welaýat häkimliginiň oba hojalyk bölüminiň bir resmisi anonim şertlerde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Welaýatlarda tok öçürlende ogurlyk köpelýär

Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda elektrik togunyň kesilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Elektrik togy etraplarda birnäçe sagatlyk tapgyrlaýyn öçürilýär we ýaşaýyş jaýlar hem-de edara-kärhanalary toksuz galýar. Azatlygyň çeşmeleri toguň belli bir pursatlarda we uzak wagtlap öçürilýän halatlarynda ogurlugyň ýüze çykýandygyny aýdýarlar. Soňky aýlarda zawodlarda we kärhanalarda elektrik simleriň ogurlanmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelipdir. "Meselem, kerpiç zawodlarynda, gurluşyk firmalarynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Nikolas Madurony tussag etmekde berlen kömek üçin $50 million berer

ABŞ häkimiýetleri özüni Wenesuelanyň prezidenti diýip yglan eden Nikolas Madurony tussag etmekde berlen kömek üçin beriljek sylagy 25 million dollar bolanlygyndan 50 million dollara çenli artdyrdy. "Ol dünýädäki iň uly neşe gaçakçylarynyň biri we biziň milli howpsuzlygymyza wehim salýar. Şu sebäpden biz sylagy iki esse artdyrdyk. Prezident Trampyň ýolbaşçylygynda Maduro adalatyň dabaralanmagyndan gaçyp gutulmaz we öz eden agyr jenaýatlary üçin jogapkärçilige çekiler" diýip, baş prokuror Pam Bondi aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Awazada zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi

7-nji awgustda Awazada zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy geçirildi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirýän üçünji maslahatynyň çäklerinde bolan duşuşyk “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” diýlip atlandyryldy. Duşuşyga deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl häkimiýetleri Gazany gözegçilige almak üçin ses berdiler

Ysraýylyň harby-syýasy kabineti Gaza zolagyny gözegçilik astyna almak üçin ses berdi. IDF, ysraýyl goşuny 2025-nji ýylyň awgustyna çenli Gaza zolagynyň tutuş meýdanynyň 75% -den gowragyny öz gözegçiligine aldy. Bu meýilnamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy 7-nji awgust agşamy başlandy. Premýer-ministriň edarasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, urşy tamamlamak üçin Ysraýylyň Gaza zolagynda howpsuzlyga gözegçilik etmegini, Hamas toparynyň ýaragsyzlanmagyny (ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy diýlip ykrar edilen topar)... Читать дальше...