Paýtagtyň migrasiýa gullugy ýurdyň beýleki welaýatlaryndan baran raýatlaryň hasaba durmagyna gözegçiligi güýçlendirýär. Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary we çeşmeleri soňky hepdelerde Aşgabatda hasaba durmadyk migrantlaryň tutulyp, şäherden çykarylýan halatlarynyň köpelendigini habar berýärler. Aşgabatda zähmet çekýän welaýat ýaşaýjylary özleriniň hasaba durmazdan, bikanun ýagdaýda islemäge mejbur bolýandygy, sebäbi resmi hasaba durmakda dürli päsgelçilikleriň döredilýändigini we olary para bilen çözmegiň teklip edilýändigini aýdýarlar. Читать дальше...
Ahal welaýatynyň çöl meýdanlarynda, ekinli ýa boş ekerançylyk ýerlerinde öz iýjek awlaryny alyp ýören jandarlar, ýagny tilki, şagal ýaly haýwanlar obalara, adamlaryň hemişelik ýaşap oturan ýerlerine köpçülikleýin gelmäge başlady diýip, Azatlygyň habarçysy we çeşmeler habar berýär. Synçylar bu ýagdaýyň bir tarapdan ‘açlyk’, ikinji tarapdan adamlarda aw tüpeňleriniň, ok-därileriň bolmazlygy bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler. “Öňler tilki diňe çöl, meýdan ýerlerinde gabat gelerdi, ekerançylyk... Читать дальше...
Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlaryň arasynda internete girmek üçin VPN-den peýdalanýanlary gözläp, tapmak boýunça iş geçirilýär. Kanun goraýjylar tarapyndan Balkan welaýatynda geçirilýän bu çäreler barada Azatlygyň habarçysy 29-njy oktýabrda habar berdi. Balkanyň kanun goraýjylarynyň baran edaralarynyň arasynda, hususan-da, saglygy saklaýyş, energetika we jemagat hojalygy agzalýar. "Işgärlerden - lukmanlardan, elektrik üpjünçiligi we gaz üpjünçilik kärhanalarynyň, şeýle-de... Читать дальше...
Newşehir polisiýa bölüminiň Kontrabanda we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş bölüminiň işgärleri ýurda köp mukdarda bikanun altyn geçirmek synanyşygy barada maglumat aldylar. Newşehir we Gülşehir prokuraturasynyň görkezmelerine laýyklykda, polisiýa Kapadokiýa aeroportunda tehniki we fiziki gözegçilik işlerini başlady. Howa menziliniň binasynda geçirilen operasiýa wagtynda polisiýa şübhe döreden enjamlara, et üweýän we hamyr ýugurýan maşynlara üns beripdir. Türkiýäniň ntv.com.tr web sahypasynyň habaryna görä... Читать дальше...
Rio-de-Žaneýroda Komplekso-du-Alemao we Komplekso-da-Penýa fawelaslarynda, garyp we gür ilatly ýerlerde guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin giň möçberli polisiýa operasiýasy geçirildi. “Roýters” agentliginiň habaryna görä, reýdler azyndan 132 adamyň ölümine sebäp boldy. Bu ýurduň taryhynda hasaba alnan iň heläkçilikli polisiýa operasiýasy hasaplanýar. Ştat polisiýasy “Gyzyl Komanda” toparyna garşy geçirilen reýdleriň iki aýdan gowrak wagtlap jikme-jik meýilleşdirilendigini aýtdy. Maksat şübhelileri tokaýly... Читать дальше...
“FoxNews” teleýaýlymynyň amerikan prezidentiniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Donald Tramp ABŞ-nyň “haýal etmän” ýadro ýaragyny synag edip başlajakdygyny, sebäbi muny beýleki ýurtlaryň edýändigini” aýtdy. Tramp ýadro synaglaryny geçirmek baradaky kararyny Uzak Gündogara sapary wagtynda we Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen bolan duşuşygyndan soň kabul etdi. Şeýle-de, bu karar Putiniň geçen hepde Orsýetiň ýadro energiýasy bilen işleýän ýaraglarynyň iki sanysynyň üstünlikli synag edilendigi, "Burewestnik"... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp dördünji gün irden Günorta Koreýanyň Pusan şäherinde Hytaýyň başlygy Si Szinpin duşuşdy. 90 minuda çeken duşuşykdan soň gepleşikler esasynda gazanylan netijeler barada bada-bat hiç bir zat aýdylmady. Iki lideriň alty ýyldan soň geçiren ilkinji gepleşikleriniň çäginde, Hytaýyň seýrek ýerasty metallarynyň eksport çäklendirmelerini bir ýyl yza süýşürmegiň, Amerikanyň oba hojalyk önümlerini satyn almagyny dikeltmegiň, Tramp administrasiýasynyň Hytaý importyna girizen 100%... Читать дальше...