World News in Turkmen
Ноябрь
2025
2
8
9
15
16
22
23
30

Новости за 10.11.2025

Azathabar.com 

Büzmeýinde turba ýarylyp, suw köçä akýar, ýaşaýjylar suwsuz galýar

Aşgabadyň günbataryndaky Büzmeýin etrabynda ýaşaýjylaryň ençemesi öýleriniň suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyk çekýärler. Ýaşaýyş jaýlaryna çatylan suw turbasynyň ýarylmagy muňa sebäp bolýar. Agyz suwy turbasynyň ýarylmagy bilen bagly problema Büzmeýiniň Güneş etrabynda ýüze çykdy. "Asudalyk köçesindäki ýaşaýyş toplumynda turbanyň ýarylmagyna bäş gün boldy. Suw köçä akýar, öýlerde bolsa suwuň güýji örän pes" diýip, ýerli çeşme 10-njy noýabrda gürrüň berdi. Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanlylar uçar gatnawlarynyň çäklendiriljekdigi baradaky myş-myşlardan alada galýar

Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy soňky günler daşary ýurtlar bilen aradaky uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn, birnäçe ýyllyk çäklendiriljekdigi barada ýaýradylan esassyz, resmi däl habaryň adamlarda uly alada döredendigini, dowla düşüp, daşary ýurt pasportlaryny, wizalaryny almaga gyssanýan adamlaryň birden köpelendigini habar berýär. Azatlyk Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna jaň edip, bu 'habaryň' döreden aladalary barada düşündiriş almaga synanyşdy, emma telefony galdyran bolmady. Çeşmeler galp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanlylar öz dynç güni bag ekmäge mejbur boldular

Geçen dynç günleri türkmenistanlylaryň ençemesi üçin mejbury çärelere gatnaşmak bilen geçdi. Döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri we studentler şenbe güni ählihalk agaç ekiş çärelerine, ýekşenbe güni hasyl baýramyna köpçülikleýin çekildi. "Daňdan çagy ir 5-de ýarym ukuly ýaşlary awtobuslara mündürip, bag ekmäge äkitdiler. Studentleriň ellerine pildir-kätmen gysdyryp, ýer gazdyryp, bag nahallaryny oturtmaga gatnaşdyrdylar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy 8-nji noýabrda paýtagtda geçirilen çäre barada gürrüň berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Senaty hökümet ýapylyşyny bes etmäge gönükdirilen kanun taslamasyny tassyklady

ABŞ-nyň Senaty bazar güni, 9-njy noýabrda federal hökümeti gaýtadan açmak we 40 günlük şatdauny, hökümet işiniň togtadylmagyny bes etmek maksady bilen taýýarlanan kanun taslamasy üçin ses berdi. Şatdaunyň, hökümet ýapylmasynyň bes edilmegi üçin Respublikan partiýanyň býujet taslamasyny 60 senatoryň goldamagy gerekdi. Emma muňa garamazdan, respublikanlar Senatda diňe 52 ses bilen köpçülige eýe boldular. Netijede, CNN we Politico neşirleriniň habar bermegine görä, Senatyň "merkezçi" sekiz demokratyndan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Goşunda ýaralanan esger Erbaýan Muhtar Türkiýede bejergisini tamamlap, Astana dolandy

Goşun gullugynda anyk bolmadyk ýagdaýlarda kellesine şikes ýetip, koma, huşsuz ýagdaýa düşen harby gullukçy Erbaýan Muhtar Türkiýede alýan bejergisiniň ýene bir tapgyryny tamamlap, Astana dolanyp geldi. Habar berilmegine görä, onuň kellesine operasiýa edilipdir. "Häzir onuň ýagdaýy durnukly. Lukmanlar bejerginiň netijesini görmek üçin azyndan üç aý wagtyň gerek boljakdygyny aýtdylar. Şondan soň, dikeldiş üçin, Ýerbaýan ýene Stambula geler" diýip, žurnalist we Muhtar Ýerbaýanyň hukuk wekili Inga Imanbaý sosial mediada ýazdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ we Täjigistan milliardlarça dollarlyk ylalaşyga gol çekdi

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň 6-njy noýabrda, C5+1 sammitiniň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygynda geçirilen gepleşikler, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, iki ýurt üçin hem milliardlarça dollar girdeji getirjek we täze iş orunlaryny döretjek ylalaşyklar toplumyna gol çekmek bilen tamamlandy. Baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasy 3 milliard dollardan geçýär. Esasy resminama Täjigistanyň “Somon Air” awiakompaniýasy bilen Amerikanyň “Boeing” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama boldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen-Britan söwda dolanyşygy £102 milliona ýetdi

Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy, geçen ýylyň iýulyndan şu ýylyň iýunyna çenli aralykda 102 million funt sterlinge barabar boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” Britaniýanyň işewürlik we söwda departamentine salgylanyphabar berýär. Bu görkeziji, öňki hasabat döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň 32,5% ösendigini, ýa-da 25 million funt sterlingden gowrak harydyň satylandygyny ýa-da alnandygyny aňladýar. Bu öwürde Britaniýanyň Türkmenistana eksporty 86 million funt sterlinge deň bolup... Читать дальше...