World News in Turkmen
Декабрь
2025
6
7
13
14
20
21
28

Новости за 15.12.2025

Azathabar.com 

Diňle: Balkanda 100-den gowrak hojalyk jaýy sil suwlaryndan ejir çekdi

Balkanyň käbir sebitlerinde 100-den gowrak hojalyk jaýy we hökümet binalarynyň birnäçesi sil suwlaryndan ejir çekdi. Ýerli häkimiýetler jaýlarda we binalarda sil suwlaryndan arassalamak işlerini geçirse-de, zyýan çeken jaýlaryň ýaşaýjylaryny wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeýärler.

Azathabar.com 

Türkmenler Aşgabat forumyndaky 'myhmansöýerligi' maslahatlaşýar

Azatlygyň sosial mediada köpelen türkmen pikir alyşmalaryny ýakyndan yzarlaýan habarçylary Aşgabatda 12-nji dekabrda geçirilen Halkara forumyň çäginde dörän we türkmen mediasynda habar berilmedik oňaýsyz ýagdaýlaryň ‘köp pikir alyşma sebäp bolandygyny’ habar berýärler. Synçylaryň bellemegine görä, bu ýagdaý türkmenistanlylaryň döwlet senzurasyndan geçip bilmeýän habarlary alyp, olar barada pikir alyşmaklarynyň adaty bir ýagdaýa öwrülýändigini, türkmen režiminiň pikir-düşünje gözegçiliginiň ‘suw saklamaýan gum böwede öwrülendigini’ görkezýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda 100-den gowrak hojalyk jaýy sil suwlaryndan ejir çekdi

15-nji dekabrda Balkanyň käbir sebitlerinde 100-den gowrak hojalyk jaýy we hökümet binalarynyň birnäçesi sil suwlaryndan ejir çekdi. Ýerli häkimiýetler jaýlarda we binalarda sil suwlaryndan arassalamak işlerini geçirse-de, zyýan çeken jaýlaryň ýaşaýjylaryny wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji dekabrda sebitden maglumat berdi. “1-nji dekabrda Magtymguly, Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň dag etek ýerlerinde güýçli gar ýagdy. Gijesi bilen ýagan gar şu gün eräp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalarynyň bardygy aýdylýar

Türkmenistanyň gündogar-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar. Ýiti dümew alamatlary bilen geçýän hassalyk bilen uly adamlar bilen bir hatarda, çagalar hem keselleýär. Saglyk müdirlikleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz hassalyk zerarly ölüm hadysalarynyň hem hasaba alnandygyny aýdýar. Häkimiýetler bu keselçilik barada dymýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji dekabrda maglumat berdiler. “Adamlarda ilki bokurdaklary gyzyp başlaýar we soňra beden temperaturasy galýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Sidnide bolan Hanukka hüjüminde 15 adam öldi

Awstraliýanyň Sidni şäherinde ýewreýleriň Hanukka baýramynda bolan atyşykda ölenleriň sany 16 adama ýetdi. Ölenleriň arasynda ýaragly hüjüm eden iki erkegiň biri hem bar. Polisiýanyň maglumatyna görä, Bondi kenarynda ýygnanan ýewreý jemgyýetiniň agzalaryna ataly-ogul ot açypdyr. Ok atanlar metbugat habarlarynda 50 ýaşly Sajid Akram we 24 ýaşly Nawid Akram diýlip atlandyryldy. Sajid Akram wakanyň bolan ýerinde polisiýa bilen bolan atyşykda öldürildi, Nawid Akram agyr ýaralandy we hassahanada agyr ýagdaýda ýatyr. Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbegistanly student Amerikan uniwersitetinde bolan atyşykda wepat boldy

Özbegistanly student Muhammetaziz Umrzakow ABŞ-nyň Braun uniwersitetinde synag döwründe bolan atyşykda wepat boldy. Ol Rod-Aýlendd şatatyndaky Braun uniwersitetiniň birinji kursunda okaýardy. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi özbek raýatynyň ölümi baradaky habary tassyklady we diplomatlaryň Umrzakowyň garyndaşlary bilen habarlaşýandygyny, amerikan derňewçileri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi. Metbugat habarlarynda bir ýaragly erkegiň 13-nji dekabrda Prowidens şäherindäki Braun uniwersitetiniň... Читать дальше...