World News in Turkmen
Февраль
2026
1
7
8
14
15
22

Новости за 27.02.2026

Azathabar.com 

Ene-atalar çagalar baglaryndaky ‘gödeklikden’ nägile bolýar

Lebap welaýatynyň ençeme iri sebitiniň ene-atalary çagalar baglarynda perzentlerine gödek daraşylmagyndan nägile bolup, olaryň ruhy we psihiki ýagdaýyndan alada galýarlar. Azatlygyň habarçylary bilen golaýda söhbetdeş bolan ýaşaýjylar bu baradaky arz-şikaýatlarynyň jogapsyz galýandygyny, şol bir wagtda ‘alaçsyzlykdan’ ýaş oguldyr gyzlaryny bu şertlerdäki mekdebe çenli çagalar edaralaryna ibermegini dowam etdirýändiklerini aýdýarlar. Habarçymyz gündogar welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň ençeme... Читать дальше...

Azathabar.com 

Iň gowy etrap saýlanan we $1 million bilen sylaglanan Köneürgençde ilat tapgyr üçünji gün toksuz kösenýär

Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby saýlanan we 1 million ABŞ dollary bilen sylaglanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ilat indi tapgyr üçünji gün elektrik energiýasyz kösenýär. Ýaşaýjylar howanyň temperaturasy gijelerine -7 gradusa çenli sowaýan şu günlerde ýerli häkimiýetleriň elektrik üpjünçiligini dikeltmäge howlukmaýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda sebitden maglumat berdi. “Köneürgenjiň aglaba böleginde 25-nji fewralda irden sagat 11-den bäri tok ýok. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistan serhetdäki çaknyşykdan soň Kabula howa hüjümlerini amala aşyrdy

Owganystany dolandyrýan "Talyban" serhet welaýatlarynda harby operasiýa başlandygyny yglan edenden soň, Pakistanyň güýçleri Kabulda we Kandagarda howa hüjümlerini amala aşyrdy. "Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid 26-njy fewral agşamy Kabulyň "Durand çyzygynda (iki ýurduň arasyndaky serhet) Pakistanyň harby merkezlerine we harby desgalaryna garşy hüjüm operasiýasyny başlandygyny" yglan etdi. "Talyban" hereketiniň Goranmak ministrligi operasiýanyň dowamynda 55 pakistan esgeriniň öldürilendigini... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ we Eýran ýadro gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirýärkä Omanyň daşary işler ministri 'möhüm öňegidişlik' boldy diýýär

ABŞ-nyň we Eýranyň resmileri 26-njy fewralda Ženewada Omanyň araçylygynda ýadro gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirdiler, muňa garşydaşlaryň arasynda uly harby çaknyşykdan gaça durmak üçin iň soňky synanyşyk hökmünde seredilýär. Iki ýurduň arasynda gepleşikleri alyp barmakda tejribesi bolan Omanyň daşary işler ministri Badr al-Busaidi "uly öňegidişlik" görýändigini aýtdy we tehniki derejedäki gepleşikleri indiki hepde Wenada geçirjekdigini yglan etdi. "Biz degişli paýtagtlarda maslahatdan soň tiz... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanda kafede partlama bolup, azyndan 7 adam öldi, 20-den gowragy ýaralandy

27-nji fewral gijesi Gazagystanyň demirgazygyndaky Akmola welaýatynyň Şuçinsk şäherinde bäş gatly binanyň ýanyndaky kafede partlama boldy. Ýedi adamyň ölendigi we 20-den gowrak adamyň ýaralanandygy 27-nji fewralda irden habar berildi. Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, bir gatly kafede "gaz-howa garyndysynyň partlamasyndan soň ýangyn boldy". "Ýangyn söndürijiler ýanýan binadan sekiz gaz ballonyny çykaryp, 10-dan gowrak adamy halas etdiler. Ilkinji maglumatlara görä... Читать дальше...