Belarus wekiliýeti 14-20-nji mart aralygynda ýurduň bazaryna girmäge taýýarlyk görmek üçin Türkmenistana sapar etdi. “Türkmenistanyň Hronikasy” bu habary ýurduň Söwda-senagat palatasynyň Minsk bölümine salgylanyp çap etdi. Wekiliýet Belarusyň Turkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurny bilen duşuşyp, sebitde netijeli iş alyp barmak üçin esasy meseleleri - hukuk taraplaryny, üpjünçilik zynjyrlaryny we töleg şertlerini ara alyp maslahatlaşdy. Gepleşikleriň netijelerine görä, Belarus kolbasalaryny we... Читать дальше...
Baýramaly şäheriniň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde agyz suw we ýyladyş üçin suw turbalary çüräp deşilýär. Altyn-Asyr we Magtymguly köçelerinde ýerleşýän birnäçe jaýyň ýaşaýjylary problemany çözmek ugrunda tagalla edýärler. "Biziň köpgatly köne jaýlarymyzyň näçinji ýylda gurlandygyny kim bilýär. Emma şondan çekilen demir we çoýun turbalar häzire çenli çalşyrylmady. Indi turbalar çüýräp deşilip, ýerzeminleri suw basýar. Öý müdirligine habar berýäris, dessine çäre görmesek suw köpgatly jaýyň girelgesinden daşyna akyp başlar" diýip... Читать дальше...
Türkmenistan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň täze tapgyryna gadam basýar diýip, türkmen metbugaty ýene bir gezek ýurduň syýahatçylar, şol sanda soňky 30 ýylda daşary ýurtlara göçen türkmenistanlylar üçin bolmanda ýylda birki hepdelik açylmak ähtimallygyny yşarat edýär. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen daşary ýurtly türkmenleriň biri ýurduna ene-atasynyň mazaryna zyýarat etmek üçinem baryp bilmeýändigini aýtsa, başga bir ýaş türkmen wiza çäklendirmeleri gowşasa, her ýyl baryp, çagalara iki-üç... Читать дальше...
Türkmenistanyň mekdeplerinde bahar dynç alyşy dowam edýär. Okuwdan dynç alýan çagalaryň ençemesi şu günler gazanç etmäge synanyşýarlar. Awtoulag ýuwýan, bazarlarda ýük daşaýan we dilegçilik edýän çagalaryň sany göz-görtele artdy diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri maglumat berdi. "Çagalar häzir üçünji çärýek kanikulda dynç alýarlar, emma bu hakykatda çagalar 10 günlük dynç alyş wagtyny bazarlarda araba sürmek, awto moýkalarda zähmet çekmek ýada söwda merkezlerinde ýük düşürmek... Читать дальше...
Waşington bilen Tähranyň arasyndaky göni däl gepleşikler babatyndaky nämälimligiň artýan mahaly, Eýrana, Ysraýyla we töwerekdäki ýurtlara garşy howa zarbalary dowam edýär. Ysraýyl goşunynyň bir wekiliniň 25-nji martda aýdyşy ýaly, bu “adaty iş tertibi” bolup galýar. Şol bir wagtyň özünde Pentagon, metbugatda peýda bolan ýetmezçilik baradaky habarlary tassyklamasa-da, ABŞ-nyň birnäçe goranmak kompaniýasy bilen ok-däri gorlaryny artdyrmak boýunça ylalaşyk baglaşandygyny aýtdy. Bu serişdeleriň arasynda... Читать дальше...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 25-nji martda Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Baş müdirliginiň (DG INTPA) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şarlotta Adrian bilen duşuşyp, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy. Habarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garalandygy bellenýär, ýöne anyk maglumat berilmeýär.
Ýerli ýaşaýjylar 25-nji martda Günbatar Gazagystan sebitiniň Akžaýk etrabynyň Karauyltobe obasynyň golaýyna gaçan pilotsyz uçary tapdylar. Günbatar Gazagystanyň sebit polisiýa bölümi bu fakt bilen baglanyşykly, degişli edaralaryň gatnaşmagynda, derňew işleriniň geçirilýändigini habar berdi. "Obyekt ilatly nokadyň çäginden daşarda tapyldy. Wakanyň ähli ýagdaýlary derňelýär" diýip, "Umarovnews" neşiri polisiýanyň aýdanlaryna salgylanyp habar berdi. Polisiýada aýtmaklaryna görä, bolan wakanyň ähli ýagdaýy derňelýär. Читать дальше...
Gyrgyzystanda Milli bankyň öňki başlygy Melis Turgunbaýew tussag edildi diýip, ýerli metbugat Içeri işler ministrligindäki çeşmelere salgylanyp habar berdi. Olaryň maglumatyna görä, Turgunbaýew 25-nji martda, "Gyrgyzneftegaz" döwlet kompaniýasyndaky korrupsiýa boýunça derňewiň çäginde, Içeri işler ministrliginiň Derňew gullugyndaky soraga çagyrylypdyr. Ol soragdan soň tussag edilip, Bişkekdäki wagtlaýyn tussaghana ýerleşdirilipdir. Turgunbaýewiň garyndaşlary we aklawçysy bu habaryň çap edilen wagtyna... Читать дальше...