World News in Turkmen
Апрель
2026
5
11
12
18
19

Новости за 22.04.2026

Azathabar.com 

“Üýtgetmeler meseläniň esasy özenini çözmeýär”. Gazagystanda köçe haýwanlarynyň ewtanaziýasyna garşy petisiýa başladyldy

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy köçedäki eýesiz itleriň ewtanaziýasyny, ýok edilmegini teklip edýän kanun taslamasyny tassyklady. Ýöne haýwanlaryň hukuklaryny goraýjylar taslamany kanun çykaryjy edaradan aýyrmak üçin tagallalaryny dowam etdirýärler. Gazagystanda kimdir biri tarapyndan dessine öýüne alnyp bolmaýan köçe itleriniň ewtanaziýa sezewar edilmeli ýa-da edilmeli däldigi barada umumy bir pikir ylalaşygy ýok. Käbirleri haýwanlaryň öldürilmegini ewtanaziýa diýip atlandyrýan parlament agzalaryny goldaýarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar

Halklaryň gelip çykyşy baradaky köp tomluk işlerden başlap, syýasy manifestlere we memuarlara çenli — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri uly tiraž bilen neşir edilýän, kitaphanalara we okuw jaýlaryna iberilýän hem-de olaryň gol astyndakylary tarapyndan sitata getirilýän kitaplary ýazýarlar. Bu eserler awtorlar üçin täsir etmegiň goşmaça guraly bolup hyzmat edýär, emma tejribe görkezýär: olar ne edebi, hasam ne-de syýasy bakylygy kepillendirýär. “Milletiň lideriniň” galamyndan çykan onlarça kitapTäjigistany... Читать дальше...

Azathabar.com 

THF: Türk prokuraturasy türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideolar bilen üpjün edilmedi

Türk prokuraturasy Edirne sebitiniň Migrasiýa müdirligine degişli deportasiýa merkeziniň türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideo gözegçilik ýazgylaryny özlerine bermegi sorap iberen ýüzlenmesine jogap aldy diýip, Türkmen Helsinki gaznasy (THF) 22-nji aprelde habar berdi. Sosial ulgamlarda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan çykyşlary arkaly tanalan iki aktiwist, Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusow geçen ýylyň 24-nji iýulynda Edirne şäherinde, deportasiýa merkezinden boşadylanyndan soň ýitirim boldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Lebapda filmleriň we kompýuter oýunlarynyň disklerini satýan söwdagärlere garşy reýdler güýçlendi

Lebabyň Türkmenabat şäherinde filmleriň we kompýuter oýunlarynyň disklerini satýan söwdagärler polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alynýar. Şäheriň esasy bazarlaryna, şol sanda “Gök” bazara reýd geçirýän polisiýa işgärleri söwdanyň bu görnüşiniň bikanundygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, söwdagärler reýdleri özlerinden “para almagyň bir usuly” atlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada söwdagärleriň ýakyn hossarlarynyň we polisiýadaky çeşmelerimiziň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna maglumat berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Eýran pozisiýasyndaky kesgitsizlik arasynda ýaraşyk möhletini uzaltdy; gabaw aýrylmaýar

Iki hepdelik ýaraşyk möhletiniň tamamlanmagy bilen, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň "bölünen" ýolbaşçylaryna "bir bitewi" parahatçylyk teklibini etmek mümkinçiligini bermek üçin ýaraşygy birtaraplaýyn uzaldýandygyny yglan etdi, ýöne Tähranyň gaharyny getiren çäräni, Eýran portlarynyň gabawynyň aýrylmajakdygyny aýtdy. “Eýran hökümetiniň garaşylmadyk ýagdaýda däl-de, düýpli bölünendigine esaslanyp, şeýle-de pakistan feldmarşaly Asim Muniriň we premýer-ministri Şehbaz Şarifiň haýyşy boýunça... Читать дальше...