World News in Turkmen

Sudanly protestçiler basylyp ýatyrylanda 60 adam öldi

Sudanly protestçileri basyp ýatyrmak üçin goşunlar we ýarym harby güýçler tarapyndan görlen iki günlük çäräniň dowamynda altmyş adam öldürildi diýip, doktorlar birleşigi 5-nji iýunda habar berdi.


Sudanly lukmanlaryň merkezi komiteti Hartumdaky bir hepdelik oturma protestini dargytmak üçin 3-nji iýunda başlanan çäreleriň dowamynda ozal 40 adamyň öldürilendigini habar beripdiler.


Lukmanlar birleşiginiň maglumatyna görä, basyp ýatyryşyň dowamynda 300-den gowrak adam ýaralandy. Şol bir wagtda, Geçiş harby geňeşi ýurduň köp böleginden interneti kesensoň, pidalaryň anyk sanyny bilmek mümkin bolup görünmeýär.


Bu zorlukdan soň, prezident Omar al-Başir häkimiýetden çetleşdirileli bäri tas iki aýa golaý ýurdy dolandyran Geçiş harby geňeşi esasy oppozisiýa ýaranlygy, Azatlyk jarnamasy we Özgeriş güýçleri bilen ylalaşygy ýatyrdy.


Harbylar 4-nji iýundasaýlawlaryň dokuz aý içinde geçirilmelidigini aýtdylar, bu plan oppozisiýa tarapyndan bada-bat ret edildi we olar harbylaryň häkimiýetden çekilmegi üçin boýun egmezlik kampaniýasynyň dowam etdiriljegini aýtdylar.

 

Geçiş harby geňeşi 11-nji aprelde, Başir aýlap dowam eden protestlerden soň häkimiýetden agdarylanda häkimiýet başyna geldi. 75 ýaşyndaky Başir 1989-njy ýylda, harby agdarylyşyk esasaynd ahäkimiýete gelip, ýurdy barha ýokarlanan awtokratik usulda dolandyrdy.

 

Читайте на сайте