World News in Turkmen

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2020-nji ýyldan başlap,  ýurduň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barar.


12-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.


Resmi metbugata görä, täze karar Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny ösdürmegi, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de önümçilikde ylmyň gazananlaryndan peýdalanmagy maksat edinýär.


Täze karara laýyklykda, Türkmenistanda alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriniň meýilnamasy düzmek hem-de ony Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasaryna tassyklatmak Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna tabşyryldy.

Читайте на сайте