World News in Turkmen

Owganystanda bolan birnäçe hüjüm zerarly 50-den gowrak adam wepat boldy

Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän urşy soňlamak boýunça parahatçylyk ugrundaky tagallalaryň gaýtadan güýçlenen wagtynda ýurduň birnäçe ýerinde bolan hüjümlerde 50-den gowrak adam wepat boldy.


Kabulyň gündogar böleginde 25-nji iýulda bolan bomba partlamasynda azyndan 10 adam wepat boldy we 41 adam ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar. 


Owganystanyň Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Wahidullah Mayaryň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, 25-nji iýulda janyndan geçen hüjümçi Magdançylyk ministrliginiň işgärlerini alyp barýan awtobusyň golaýynda özüni partladypdyr.


Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Nasrat Rahimi pidalaryň ählisiniň döwlet işgärleridigini aýtdy.


Rahimi gündogar Kabulda ýene iki sany partlamanyň bolandygyny, şol sanda awtoulagda goýlan bombanyň partladylandygyny aýtdy. 

Читайте на сайте